Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby studentler olimpiýa şäherçesine gözegçilik edýär


Aşgabadyň harby ýokary okuw jaýlarynyň biriniň studenti
Aşgabadyň harby ýokary okuw jaýlarynyň biriniň studenti

Türkmenistanyň Aşgabatdaky harby ýokary okuw jaýlarynyň kursantlaryna, ýagny studentlerine tomusky dynç alyşlary döwründe öýlerine gitmegiň deregine, olimpiýa şäherçesiniň golaýynda howpsuzlyga gözegçilik etmek tabşyryldy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, şenbe gününden bäri raýat egin-eşigindäki harby studentler gije sagat 12:00-den, daňdan sagat 6:00-a çenli “Aziada-2017” sport bäsleşiginiň geçiriljek olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky protokol köçelere we olaryň ugrundaky jaýlara gözegçilik edýärler.

“Parahat 2/2 etrapçasynyň 13-nji, 13-nji A we 17-nji jaýlarynyň her biriniň öňünde azyndan bäş kursant dur. Olar jaýlara girip-çykýanlara dykgat bilen seredýärler. Olaryň arasynda sähel şübhe döredýäni bar bolsa, kursantlar olary saklap, ‘şu ýerde ýaşaýaňmy? Gijäň ýary bu ýerde näme edýäň?’ diýen soraglary berýärler. Soňra kanagatlanarly jogap berilse, ony goýberýärler” diýip, gürrüňi edilýän jaýlaryň biriniň ýaşaýjysy aýtdy.

Efirde adynyň agzalmazlygyny soran bu ýaşaýjy harby studentleriň gözegçiliginiň olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky “10 ýyl abadançylyk”, Oguzhan we Atatürk köçeleriniň belli bir böleginde dowam edýändigini-de sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüň edilýän meseleler dogrusynda, Aşgabatdaky harby institutyň resmilerinden haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Bu barada Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde hem ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Emma olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky köçeleriň birinde howpsuzlyga gözegçilik edýän harby studentleriň biriniň Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmelerine gürrüň bermegine görä, Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, şäheriň, hususan-da, olimpiýa şäherçesiniň golaýynda howpsuzlyga gözegçilik etmek üçin, 200 çemesi harby student öýlerine goýberilmändir.

“Harby ýokary okuw jaýymyzda kursdan kursa geçiş ekzamenleri tamamlananda, öýlerimize gitmesiz edildik. Biz tä ‘Aziada-2017’ açylyp, sport bäsleşigi tamamlanýança, şu işlere gözegçilik etmeli edildik. Bu biz üçin özboluşly türgenleşik bolýar. Her gije bizi awtobuslarda gözegçilik etmeli ýerlerimize alyp gidýärler. Daňdanam yzymyza, umumy ýaşaýyş jaýlarymyza alyp gaýdýarlar” diýip, harby ýokary okuw jaýynyň studenti aýtdy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran talyp özleriniň bu zähmeti üçin aýlyk tölenmeýändigini, diňe okuw stipendiýalarynyň adatdakysy ýaly her aý öz wagtynda berilýändigini belledi.

Türkmenistanda şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigi habar berilýär.

Mundan iki aý çemesi ozal, ýörite gulluklaryň ýa-da polisiýanyň işgärleri tarapyndan Aşgabatda ýaşaýan öňki tussaglara Aziýa oýunlarynyň geçirilýän sebitine barmazlyk, bu sport çäresi geçýänçä ol ýerde “görünmezlik” tabşyryldy. Şeýle-de, soňky aýlarda pasportda Aşgabatda ýazga durmadyk welaýatlylary yzarlamak, olary öz ýaşaýan sebitlerine ugratmaklyk hem güýçlendirildi.

Türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri bu çäreler barada kelam söz aýtmaýarlar. Emma Azatlygyň Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmeleri ýurtda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlenmeginiň ýurduň çäginde terrorçylykly hüjümiň bolmagynyň ähtimaldygy baradaky aňtaw maglumatlary bilen baglydygyny belleýärler.

Şu aýyň ortalaryna Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde gepleşen ynamdar çeşmeleriň aýtmagyna görä, “YD-niň terraktlaryna mahsus” hüjümleriň ähtimaldygy baradaky maglumatlary maý aýynyň başynda, daşary ýurduň hökümeti beripdir.

Olaryň sözlerine görä, şol wagtda Türkiýeden “Yslam döwleti” topary bilen baglanyşykda güman edilen Türkmenistanyň dört raýaty ekstradisiýa edilipdir. Şondan soň ol bu ýagdaý bilen baglylykda, aýratyn-da Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, şübheli görnüp biljek islän adamy saklamak barada görkezmeleriň berlendigini aýdypdy.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Azatlyk Radiosy şu aýyň başynda Aşgabat-Dubaý we Aşgabat-Stambul reýslerinden ýolagçylar toparynyň alnyp galynandygyny habar beripdi. Bu barada Azatlyk Radiosyna reýsden düşürilen ýolagçylaryň käbirleri gürrüň beripdiler.

XS
SM
MD
LG