Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Aziada-2017 sport ýaryşynyň resmi partnýorlary kesgitlendi


Türkmenistan Aziada-2017 halkara sport çäresine taýýarlyk görýär

Türkmenistanda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň resmi partnýorlary we sponsorlary kesgitlendi diýlip, media maglumatlarynda aýdylýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ( Aziada-2017) 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

Resmi maglumata görä, bu halkara sport ýaryşynyň resmi partnýory bolmaga ýurduň döwlet awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” we Türkmenistanda 20 ýyl bäri nebit-gaz agtaryş işlerini alyp barýan Malaýzianyň “Petronas” nebit-gaz kompaniýasy isleg bildiripdir. Dragon oil kompaniýasy Aziada sport ýaryşynyň ýene bir resmi partnýory bolar diýlip, Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň resmi websaýtynda habar berilýär.

“LG International Corp.” we “Coca-Cola” Aziýada-2017 ýaryşynyň resmi sponsorlary bolarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň taryhyndaky iň uly sport çäresine görýän resmi taýýarlyklaryň çäginde Aşgabatda bahasy 5 milliard amerikan dollary möçberindäki olimpiýa şäherçesini we 2.3 milliard dollarlyk täze halkara aeroportuny gurdular. Resmi taýýarlyklara gatnaşýan resmi çeşmeler Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryny maliýeleşdirmekde kynçylyk çekýändigini, 1.5 milliard dollar möçberinde pul zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG