Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistandaky bilim problemasy: Çäreler bilimden yzagalaklyga getirýär


Türkmen ýaşlary Bedew baýramçylygynda, Aşgabat

Türkmenistanda okuw jaýlarynyň okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän köpçülikleýin çäreler ýurtda bilim derejesiniň pesliginiň esasy sebäpleriniň biri diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri, synçylar, mugallymlar we okuwçylaryň özleri aýdýarlar.

Ilatyň gatnaşmagyndaky uly tutumly aýdym-sazly dabaralar Türkmenistanda adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Resmi maglumatlara görä, bir ýylyň dowamynda tutuş ýurt boýunça şeýle çäreleriň ýüzlerçesi geçirilýär. Olaryň guramaçylygyny döwlet edaralary ýerine ýetirýärler, gatnaşyjylary hökmünde dürli okuw jaýlarynyň talyplary we býujet edaralarynyň işgärleri çekilýärler.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda bilim sistemasynyň problemalary barada “Jemgyýetiçlik dialogy” atly garaşsyz proýekt bilen bilelikde taýýarlanan maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegini dowam etdirýär.

Bu proýektiň çäginde toplanan maglumatlar okuwçylar, mugallymlar we ýurduň bilim pudagynyň işgärleri bilen geçirilen söhbetdeşliklere esaslanýar.

“Jemgyýetçilik dialogy” atly proýektiň gatnaşyjylarynyň pikirine görä, gitdigiçe artýan köpçülikleýin çäreler okuwçylaryň bilimden yza galmagyna getirýär.

Sebäbi okuwçylaryň bir bölegi okuwyň ýerine tans we sport çykyşlaryna gatnaşýarlar, ýörişlerde we sport stadionlaryndaky çärelerde çykyş edýärler. Repetisiýa taýýarlyklary hem okuw wagtynyň esli bölegini tutýar. Üstesine, okuwçylaryň uly bölegi mugallymlar bilen bilelikde konsert zallarynda, stadionlarda, parklarda, aýlawlarda geçirilýän çärelere we zawodlaryň hem beýleki desgalaryň açylyş dabaralaryna tomaşaçy hökmünde hem gatnaşdyrylýar.

Şeýle-de, okuwçylaryň we mugallymlaryň ählisi diýen ýaly, köpçülikleýin ýörişlere, baýramçylyk günlerindäki dabaralara we ýurt baştutanyny hem daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek ýaly çärelere yzygiderli çekilýärler. Bu çäreler yssy howada, ýagyş-gar ýaganda geçirilýär. Müňlerçe okuwçy we mugallym ençeme sagatlap, meselem, täze desgany açýan prezidente garaşyp durmaly bolýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri belleýär.

Türkmenistanyň döwlet uniwersitetiniň 2-nji kursunyň studenti Şemşat şeýle gürrüň berýär: Köp okuwçy üçin okuw ýok diýen ýaly. Her aýda 3-4 gezek çäre. Gowy okaýanlaryň birnäçesinden başgalaryň ählisini äkidýärler. Bular “hemmä derek” doly programmada okamaly bolýarlar. Biz soň olardan konspektleri göçürip alýarys.

Şemşatyň sözlerine görä, şeýle-de, baha almagyň ýene bir usuly pul üýşürip mugallymlara bermekden ybarat.

“Biz pul toplap mugallyma berýäris, soň bize baha goýulýar” diýip, student aýdýar.

“Jemgyýetçilik dialogy” atly proýektiň Türkmenistandaky gatnaşyjylarynyň pikirine görä, köp sagatlap yssyda-ýagyşda durmaga mejbur edişlik studentleriň aň taýdan ösmäge bolan ukybyna we islegine zyýan ýetirýär, ýaşlaryň, aň-fiziki taýdan ukybyny gowşadýar, şahsyýetiň ruhy bütewüligini, deňagramlylygyny bozýar we sosial adalatlylyga bolan ynamyny ýumurýar, döwletiň syýasatyna närazylygy artdyrýar. Şeýle-de, ýaşlaryň üstünlikli durmuş üçin bilimiň zerurdygy baradaky düşünjesine zarba urýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG