Sepleriň elýeterliligi

Student orunlarynyň azlygy 'okuwa salýan' araçylary köpeldýär


Türkmen studentleri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda ýokary okuw mekdeplerine studentleri kabul etmek meselesinden söz açyp, bu işiň “hiç-hili ýaramaz ýagdaýlara ýol bermezden, ýokary derejede we aç-açanlykda geçirilmelidigini” duýdurdy.

Emma muňa garamazdan, ýurtda soňky aýlar okajak ogul-gyzly ene-atalaryň esasy aladasynyň para-peşgeş bilen baglydygy aýdylýar.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine "zehinli we zähmetsöýer ýaşlar girmeli we okamaly". Şol bir wagtda, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistanyň içindäki ýokary mekdepler ýokary bilim aljak, hünär öwrenjek türkmen ýaşlary üçin ýeterlik bolmazlygynda galýar we bu ýyl hem müňlerçe oglan-gyz daşary ýurtlara okuwa gitmegi planlaşdyrýar.

Ýerli synçylar we ene-atalar türkmen ÝOJ-larynda ýeterlik okuwçy orunlarynyň bolmazlygynyň we ýaşlaryň barha kän daşary ýurtlaryň okuw jaýlaryna ýykgyn etmeginiň peýdaly taraplarynyň hem bardygyny aýdýarlar.

Birinjiden, daşary ýurtlarda okan ýaşlar Türkmenistandaky üznüksiz çärelerden we döwlet propagandasyndan azat bolarlar we hakykatdan hem okamaga, hünär öwrenmäge wagt, mümkinçilik taparlar. Ikinji tarapdan, eger isleseler we gyzyklansalar, olar başga ýurtlarda kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklary ýaly gymmatlyklaryň nähili işleýändigini görüp bilerler diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýazyjy aýtdy.

Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen anonim şertlerde söhbetdeş bolan ene-atalar çagalaryny daşary ýurtda okatmaga mejbury, ýeke-täk çäre hökmünde ýüz urandyklaryny, sebäbi Türkmenistanda ýokary okuw girmek parasynyň ýyl-ýyldan köpelýändigini we oňa gurplarynyň çatmaýandygyny gürrüň berdiler.

Ýöne ýerli synçylar türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynagirmeginiň we okamagynyň hem beýle aňsat däldigini, ýagny bu ýerde hem maşgala býujetiniň esli böleginiň para-peşgeşe giderilýändigini aýdýarlar.

Azatlyk radiosynyň söhbetdeş bolan ýerli çeşmeleriniň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, ozalky sowet respublikalaryndaky ýokary okuw jaýlaryna döwlet tarapyndan bellenen tölegi töläp, bilimi esasynda okuwa girýän we hakyky okap, diplom alýan türkmen ýaşlary beýle köplük däl. Onsoň olar hökmany suratda araçy, tanyş-biliş tapmaly bolýarlar we okuwyň resmi töleginden başga, goşmaça çykdajylara hem taýýar bolýarlar diýip, ýagdaýdan habarly adamlar aýdýar.

Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, daşary ýurtlara okuw gitjek ýaşlardan para-peşgeş almagyň esasan iki ýoly bar: Birinji ýol - ozal ÝOJ-larda işlän mugallymlar öz tanyşlaryna jaň edip, Belarusyň ýa Ukrainanyň okuw jaýlaryna gitjek ýakyn adamyň bolsa, kömek edip biljek diýýärler. Netijede olar ekzamenlerden iki-üç aý öň 10-15 adamdan ybarat okuwçynyň sanawyny düzüp, öz hyzmatlarynyň hakyny dollarda almak bilen, olary okuwa ýerleşdirip gaýdýarlar.

Bu hili araçylar onlarça we olaryň okuw jaýynyň ýerleşýän ýeri, berilýän hünär bilen baglylykda, alýan haky hem dürli-dürli.

Şeýle araçylaryň sanawyna girip, öňünden kömekçä pul töläp, okuwa gidenleriň arasynda, degişli dokumentleri bolsa, rus dilini bilsin ýa bilmesin, okuwa girip bilmän gelýän ýok diýip, ene-atalar aýdýarlar.

Amanmyrat Bugaýew soňky birki ýyllykda okuwa salýan araçylaryň jaýlaryň girelgelerinde, halkara awtoduralganyň, demirýol stansiýasynyň, uçar menziliniň ýolagçylara niýetlenen oturgyçlarynda öz kömeklerini teklip edip, ýazgy galdyrýandyklaryny aýdýar. Ol ýazgylarda araçy belarus ýa ukrain okuw jaýlaryna okuwa girmäge kömek etmekde öz hyzmatyny hödürleýär we diňe jübi telefonynyň nomerlerini galdyrýar.

"Ýolagçylaryň köpüsi, ýa özleri, ýa tanyşlary üçin, bu bildirişleri gören ýerlerinde ýazyp alýar" diýip, synçy aýdýar.

Azatlyk radiosynyň “Hormatly arkadag” rubrikasyna hat ýazan daşoguzly okyjynyň tassyklamagyna görä, ol ýokary okuw jaýyna öz bilimi bilen girmek üçin mudan öň dört gezek synanyşypdyr we şu ýyl bäşinji gezek güýç synaýar.

“Daşoguz şäherinde medkomissiýalarda öňküler ýaly kiçiräk parajagazlar ýok diýseňem boljak. Graždan eşikli barlagda duran adamlar bar” diýip, ol aýdýar.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, araçynyň üsti bilen belarus ýa ukrain ÝOJ-laryna girýän ýaşlar ortaça 5-6 müň amerikan dollaryny para berýärler. Bu pul okuwa ýerleşdirmegi wada beren hem özi bilen alyp gidip, okuwa salyp gaýdýan araçynyň we onuň okuw jaýyndaky tanşynyň hyzmaty üçin tölenýär, studentiň öz ýol kireýi we beýleki çykdajylary bu pula girmeýär diýip, ene-atalar gürrüň berýär.

“Para bermek gowy zat däl, emma daşary ýurt okuw jaýy üçin berilýän puluň möçberi ýurt içindäkiden has az” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmen studenti aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, şu ýyl türkmen ýokary okuw mekdeplerine jemi 8 müň 308 adam kabul etmek meýilleşdirilýär, orta hünär okuw mekdeplerine hem-de başlangyç hünär okuw mekdeplerine degişlilikde 8 müň 317 we 25 müň adam kabul etmek meýilleşdirilýär. 1-nji sentýabrda bolsa, körpe türkmenistanlylaryň 142 müň 819-sy ilkinji gezek mekdebe barar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG