Sepleriň elýeterliligi

Başkortostan: Protestçiler Kreml tarapyndan bellenen lideriň wezipeden çekilmegini talap etdiler


Ufa, 20-nji iýul, 2017.

Orsýetiň Ufa şäherinde ýüzlerçe adam proteste çykyp, Kreml tarapyndan bellenen we 2010-njy ýyldan bäri Başkortostan respublikasynda ýolbaşçylyk edýän resminiň wezipeden çekilmegini talap etdiler.

Protestçiler regional lider Rustem Hamitowyň ilat tarapyndan goldanmaýandygyny aýtdylar.

Demonstrantlar mekdepleriň ýapylmagy, çagalaryň arasynda ölüm derejesiniň ýokary bolmagy we saglygy saklaýyşyň gowşamagy ýaly problemalary gozgadylar. Şygarlaryň birinde “1000 mekdep ýedi ýylda ýapyldy” diýilýär.

Protest çykyşy hökümete degişli bolmadyk Başkir halk kongressi tarapyndan guraldy.

62 ýaşly Hamitow regionyň ýolbaşçysy wezipesine 2010-njy ýylda özünden öňki regional lider Murtaza Rahimow korrupsiýada aýyplanyp, wezipesinden çekilensoň bellenipdi.

XS
SM
MD
LG