Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW guramasynyň resmi topary Özbegistana sapar eder


HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Stewe Swerdlow
HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Stewe Swerdlow

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň resmi topary 2011-nji ýylda Özbegistandaky edarasy ýapylaly bäri bu ýurda ilkinji gezek sapar eder.

HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Stewe Swerdlowyň 19-njy iýulda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Brusselde geçirilen ÝB-Özbegistan geňeşinde Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow HRW guramasynyň delegasiýasynyň Daşkente awgust aýynda baryp biljekdigini aýdypdyr.

Şeýle-de Kamilow adam hukuklaryny goraýjy beýleki guramalaryň hem ýurda baryp, hyzmatdaşlygy ýola goýup biljekdigini mälim edipdir.

Swerdlow bu habaryň özi we HRW guramasynyň beýleki wekilleri üçin täzelik bolandygyny, sebäbi guramanyň Özbegistana sapar etmek barada özbek resmilerine eden ýüzlenmesine entek resmi jogabyň bolmandygyny aýtdy.

Özbegistany uzak wagtlap dolandyran Yslam Kerimowyň geçen ýylda ýogalmagynyň yzýany häkimiýet başyna geçen Şawkat Mirziýaýewiň goly astynda Daşkent liberallyga tarap käbir ädimleri ädip başlady.

XS
SM
MD
LG