Sepleriň elýeterliligi

Tramp Eýranyň amerikan raýatlaryny boşatmasa 'çynlakaý netijeler' bilen ýüzbe-ýüz boljagyny duýdurdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň “adalatsyz tussag edilen” amerikan raýatlarynyň ählisini boşadyp, ýurduna goýbermedik ýagdaýynda “täze we çynlakaý netijeler” bilen ýüzbe-ýüz boljagyny duýdurdy.

Tramp Tährany on ýyl mundan ozal Eýranda ýitirim edilen ABŞ-nyň Federal derňew býurosynyň öňki agenti Robert Lewinsony, biznesmenler Siamak Namazini we onuň kakasy Bakueri, şeýle-de “Eýranda adalatsyz tussag edilen ähli beýleki amerikan raýatlary” gaýdyp bermäge ündedi.

“Kyrk ýyl çemesi Eýran tussaglygy we zamunlygy döwlet syýasatynyň guraly hökmünde ulanyp gelýär we ýaňy-ýakynda Ksiyue Wangy on ýyl türmä höküm etmegi bilen bu tejribesini şu günki güne çenli dowam etdirýär” diýip, Ak Tam öz beýanatynda aýtdy we Eýranda geçen dynç günlerinde içalyçylykda aýyplanyp, türmä höküm edilen prinstonly alymyň işini agzady.

“Eýran türmede ABŞ-nyň her bir raýatynyň ugruna garamaga we gowy çemeleşmäge jogapkärdir” diýip Ak Tam aýtdy, şeýle-de “Prezident Tramp, eger Eýran adalatsyz tussag edilen ähli amerikan raýatlaryny boşatmasa we yzyna gaýtarmasa täze we çynlakaý netijeleri çykarmaga taýýar” diýip belledi.

Eýrana berlen bu duýduryş Ak Tamyň daşary ýurtlarda adalatsyz tussag edilen ähli amerikan raýatlaryny öz ýurduna gaýtarmak boýunça tagallalaryny “iki esse güýçlendirýändigini” yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Federal derňew býurosynyň (FBI) öňki agenti Lewinson 2007-nji ýylda Eýranyň Kiş adasyna sapar edende ýitirim edilipdi. ABŞ-nyň hökümeti onuň howpsyz ýurduna dolanmagyna ýardam berip biljek maglumat üçin 5 million amerikan dollary möçberinde pul hödürläpdi.

Lewinsonyň çagalary öz kakasyny öýüne gaýtarmaga Trampyň ukyplydygyna ynam baglaýandyklaryny mart aýynda CNN telewideniýesine aýdypdylar.

Tähran Lewinsonyň ýitirim edilmegine gatnaşygy ret edýär we onuň nirede ýerleşýändigi barada özüniň habarsyzdygyny aýdýar.

Eýran ata we ogul Namazileri içalyçylykda we ABŞ bilen hyzmatdaşlykda aýyplap, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Olaryň maşgala agzalary BMG-niň UNICEF edarasynyň öňki resmisi 80 ýaşly Bakuer Namaziniň saglyk ýagdaýyna aladalanma bildirýärler.

Onuň ogly biznesmen Siamak 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Tährandaky maşgalasyny görmäge baranda tussag edilipdi.

Olaryň ikisinde-de hem Eýranyň, hem-de ABŞ-nyň raýatlygy bar. Emma Tähran goşa raýatlygy ykrar etmeýär we olaryň diňe Eýranyň raýatlarydygyny aýdýar.

Tähranyň bu pozisiýasy ençeme ýylyň dowamynda goşa raýatlyga eýe bolan köp sanly adamyň Eýrana baranda tussaglyga duçar bolmagyna sebäp boldy.

Eýran-amerikan goşa raýatlyga eýe bolan Robin Şahini geçen ýylda öz garyndaşlaryny görmek üçin Eýrana baranda tussag edilipdi we içalyçylykda aýyplanyp, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Onuň maşgalasy aspirant studentiň sud diňlenişiginiň üç sagatlap dowam edendigini we ähli aýyplamalaryň diňe onuň Eýranda 2009-njy ýylda bolan prezidentlik saýlawlaryna garşy protestleri goldap, Facebook ulgamynda çap eden maglumatlaryna esaslanandygyny aýtdy.

Geçen hepdede Eýranyň häkimiýetleri Hytaýda doglan amerikan raýaty we Prinston uniwersitetiniň aspiranty Ksiyue Wangy 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler.

Ksiyue geçen ýylda tussag edilipdi, emma diňe geçen hepdede iş kesilensoň, köpçülige görkezildi. Eýranyň häkimiýetleri ony ýurdyň “içine girip” onuň daşyna syrly maglumatlary ibermekde aýypladylar.

Ksiyue Ýewraziýanyň 19-njy we 20-nji asyrlara degişli taryhy boýunça öz doktorlyk dissertasiýasy üçin Eýranda maglumat toplaýarka tussag edilipdi.

Onuň aýaly öz adamsynyň bigünädigini aýdyp, Eýrana pars dilini öwrenmek we alymlyk işi üçin barlag geçirmek üçin barandygyny “Washington Post” gazetine aýtdy.

XS
SM
MD
LG