Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ BMG-ni Eýrana garşy çäre görmezlikde ýiti tankytlady


Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Nikki Halleý
Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Nikki Halleý

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Nikki Halleý guramanyň Howpsuzlyk geňeşini Eýrana garşy herekete geçmezlikde tankytlady. Ilçi Eýranyň özüne garşy girizilen sanksiýalary “bilkastlaýyn öwran-öwran bozandygyny” aýdýar.

Nikki Halleý 29-njy maýda geňeşiň ýygnagynda: “Howpsuzlyk geňeşi Eýranyň kanun bozmalaryna garşy juda ujypsyz çäreleri hem görüp bilmedi. Biz BMG-niň çözgütlerine göz-görtele gözgynylyk häsiýetde çemeleşilmegine geçirimliligiň ýokdugyny hökman Eýranyň gözüne görkezmelidiris” diýdi.

Eýran özüniň ýadro programmasyny togtatmak boýunça dünýäniň güýçli döwletleri bilen ylalaşansoň, oňa garşy BMG tarapyndan girizilen esasy sanksiýalar 18 aý mundan ozal ýatyrylypdy. Ýöne Eýrana garşy ýarag söwdalary boýunça girizilen sanksiýalar we beýleki çäklendirmeler henize çenli öz güýjünde galýar, sebäbi agzalýan çäklendirmeler tehniki taýdan ýadro şertnamasynyň çäginde görkezilmändi.

BMG-niň syýasy gatnaşyklar boýunça başlygy Jefreý Feltman Howpsuzlyk geňeşine, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 2231 belgili rezolýusiýada hasaba alnan Eýran sanksiýalarynyň galan böleginiň amal edilişi barada taýýarlan üçünji hasabaty barada maglumat berdi.

“Baş sekretaryň hasabatynda Eýranyň 2231 belgili rezolýusiýany bozýandygy aýdyň görkezilýär, diýmek, şeýle sorag döreýär “Howpsuzlyk geňeşi bu barada nämeler eder?” diýip, Halleý aýtdy.

“Eýranyň Ýakyn Gündogardaky ýykgynçylykly durnuksyzlaşdyryjy roly onuň edýän raketa hüjümleriniň çäginden has aňyrlara täsir edýär. Eýranyň Siriýadyr Ýemende, Yrakdyr Liwanda hereket edýän terrorçy toparlara berýän goldawy üznüksiz dowam edýär. Eýranyň ýaraglary, howpsuzlyk maslahatçylary we ýarag kontrabandaçylary regional konfliktleri has-da möwjedip olary çylşyrymlaşdyrýar” diýip, Halleý sözüniň üstüni ýetirdi.

Muňa garamazdan, geňeşiň agzalarynyň hiç haýsysy Eýrana garşy herekete geçmegi teklip etmedi. Diplomatlar geňeşiň kararlaryny weto etmek hukugy bolan Orsýet bilen Hytaýyň goşmaça çäreler bilen ylalaşmajakdyklaryny aýdýarlar.

Duşuşygyň dowamynda Orsýet Guterrişiň barlag netijeleriniň käbirlerine soragly garady.

Hasabatda 2016-njy ýylyň mart aýynda Fransiýanyň deňiz güýçleri tarapyndan ele geçirilen ýaraglar barada agzalyp geçilýär. Feltman ele geçirilen ýaraglaryň Eýrana degişlidigini we olaryň Eýrandan ugradylandygyny ynamly aýtdy.

Şeýle-de, Baş sekretaryň hasabatynda, Eýranyň 29-njy ýanwarda eden raketa barlag hüjümi hem agzalýar. Bu hüjüme gaýtawul bermek boýunça geňeş agzalarynyň ylalaşyga gelmändigi hem aýdylýar.

Raketa hüjümlerine jogap hökmünde nähilidir bir çäre görülmändigine garamazdan, Guterriş öz hasabatynda şeýle raketa hüjümleri gaýtalamazlyga çagyrýar we raketa barlaglarynda dartgynlylyklary möwjetmek potensialynyň bardygyny belleýär.

Mundan bir ýyl ozal BMG-niň Guterrişden öňki Baş sekretary Ban Ki-Mun Eýranyň raketa hüjümleriniň ýadro ylalaşygynyň “konstruktiw howalasyna” gabat gelmeýändigini aýdypdy.

BMG-niň kabul eden rezolýusiýasynyň çäginde, Eýran sekiz ýylyň dowamynda ýadro ýaragyny daşamak ukybyna eýe bolan raketa hüjümlerini amala aşyrmakdan saklanmaly. Ýöne Tähran bilen Moskwa “saklanmak hökman däl” diýýär. Olar bu argumentlerini rezolýusiýa ýazylanda ulanylan sözlere we sözlemlere esaslandyrýarlar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy ýadro ylalaşygyny täzeden gözden geçirýär. Tramp ozal ýadro ylalaşygyny “heläkçilik” häsiýetlendirip çykyş edipdi. Ýöne Halleý gözden geçiriş tamamlanýança ylalaşygyň şertlerini berjaý etjekdiklerini, Eýrandan hem şeýle ýagdaýa garaşýandyklaryny aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalary ýadro ylalaşygyny “taryhy ylalaşyk” atlandyryp öwdüler we Eýranyň şertlere uýmagyny makulladylar. Ylalaşygy öwenleriň arasynda ABŞ-yň ýaranlary hem bar.

Britaniýanyň BMG-däki ilçisiniň orunbasary Piter Wilson ylalaşygy “ýakyn taryhda gazanylan iň wajyp diplomatiki üstünlik” diýip häsiýetlendirdi.

Wilsonyň Tramp administrasiýasyna ýüzlenmä çalym edýän belliklerinde ol “ähli taraplar ylalaşygyň şertlerini berjaý etmeli we Eýran halkynyň sanksiýalaryň ýeňledilmeginden peýdalanmaklaryna mümkinçilik döretmeli” diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Žua Wali de Almeýda (Joao Vale de Almeida): “Bu ylalaşyk halkara ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleriniň esasy sütüni bolup durýar, hut şonuň üçin hem ony goramaly we doly berjaý etmeli” diýdi. Ol: “Birek-birege ynam döretmek üçin, ähli taraplar ylalaşygyň şertlerini gyşarnyksyz berjaý etmeli. Bu ylalaşyk bolmazdan, dünýäde howpsuzlyk üpjün edilmezdi’ diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Germaniýanyň BMG-däki ilçisi Harald Bron (Harald Braun) ylalaşygy “ajaýyp üstünlik” atlandyrdy. Ol: “Ylalaşyk netijeli işleýär. Ähli taraplar şertnamanyň talaplaryny berjaý edýär. Bu ýagdaý bolsa regionda durnuklylygy we howpsuzlygy berjaý etmek üçin örän möhüm” diýdi.

Emma britaniýaly Wilson Haleýiň Eýranyň raketa barlaglary we ýarag söwdasy boýunça kanun bozmalara ýol berendigi barada aýdan sözleri bilen ylalaşdy.

Haleý Birleşen Ştatlaryň geljekde beýle kanun bozmalara göz ýummajakdygyny we BMG-niň kabul eden rezolýusiýasynyň çäginde, gadagan edilen ýük gämilerini gaýtarmaga dowam etjekdigini aýtdy. Şeýle-de, ilçi Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy girizen öz sanksiýalarynyň güýjünde galýandygyny hem sözüniň üstüne goşy.

Ol: “Eýran režimi özüni ýykgynçylykly we durnuksyzlaşdyryjy häsiýetde alyp barmagy dowam etse, olar hiç haçan ABŞ ýa-da beýlekiler bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýup bilmezler. Şeýle-de, režimiň dowamly öz halkyny ezmegi onuň hakyky ýüzüni doly açyp görkezýär” diýdi.

XS
SM
MD
LG