Sepleriň elýeterliligi

Medisina enjamlaryny öndürýän 17 halkara şirketi Türkmenistanda işlemäge isleg bildirdi


Saglyk sergisi, Aşgabat

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş işgärleriniň we medisina senagatynyň güni sebäpli Aşgabatda geçirilen “Saglyk-2017” atly halkara sergisine ençeme ýurtdan boaln 245 kompaniýasynyň gatnaşandygyny ýurduň milli mediasy habar berýär.

Ýewropanyň, Amerikanyň we Aziýanyň öndürijileri öz tehnikasyny we medisina maksatlary üçin niýetlenen serişdelerini, derman önümlerini, keselleri anyklamak we bejermek boýunça täze tehnologiýalaryny hödürläpdir.

“Ilkinji gezek sergide türkmen bazaryna çykmaga isleg bildiren 17 kompaniýa öz harytlaryny görkezdi” diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan gurnalýan halkara sergileriniň we ylmy konferensiýalarynyň ýylyň dowamynda ýüzlerçesi geçirilýär.

Saglygy saklaýyş işgärleriniň we medisina senagatynyň güni sebäpli Maryda içki keselleri bejermek boýunça täze keselhana we Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda täze medisina merkezi açyldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň raýatlarynyň öz saglygyny bejermek üçin daşary ýurtlara gitmegi meşhurlyk tapdy. Türkmen raýatlarynyň köplenç Türkiýä we Orsýete barýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG