Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda 24 sagatlyk täzelikler telekanaly işläp başlady


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew

Özbegistanda 24 sagatlyk täzelikler telekanaly işläp başlady. Häkimiýetler täze telekanalyň ýurduň üzňelikden çykmagyna tarap ädimdigini aýdýarlar.

24-nji iýulda işläp başlan Özbegistan-24 telekanalynda “Özbegistanyň oýanmagyna wagt geldi” mazmunly şygarlar öňe sürüldi. Şeýle-de, gije-gündiz özbek, rus we iňlis dillerinde gepleşik berýän täze telekanalyň açylmagynyň prezident Şawkat Mirziýaýewiň maý aýynda öňe süren inisiatiwasy bolandygyny aýtdylar.

Özbegistanyň Milli telewideniýe hem radio kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Bobur Alihanow täze telekanalyň maglumatlarynyň “bitarap we deňagramly ýoldan” taýýarlajakdygyny, emma “Özbegistanyň pozisiýasyny” goldajakdygyny mälim etdi.

Täze telekanal geljekde gazak, gyrgyz, garagalpak we täjik dillerinde maglumat bermegi planlaşdyrýar.

2016-njy ýylda Özbegistanyň uzak wagtlyk awtokrat lideri Yslam Kerimowyň aradan çykmagynyň yzýany häkimiýet başyna geçen Şawkat Mirziýaýew köp ýyllaryň dowamynda üzňelikde bolan ýurdy açmak boýunça käbir ädimleri ätdi.

XS
SM
MD
LG