Sepleriň elýeterliligi

MTS Türkmenistanda iş alyp barmagyň şertleri boýunça gepleşikleriň geçirilýändigini tassyklady


Russiýanyň MTS kompaniýasynyň logotipi

Russiýanyň MTS kompaniýasy Türkmenistanda iş alyp barmagyň şertleri boýunça türkmen häkimiýetleri bilen gepleşikleriň geçirilýändigini tassyklady.

“Häzirki wagt MTS Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen ýurtda iş alyp barmagyň şertleri boýunça gepleşikleri dowam etdirýär. Kompaniýa ştat režiminde işleýär we öz işini dowam etdirmegi meýil edýär” diýip, Russiýanyň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow aýtdy.

Ýatladyp geçsek, mundan öň “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatorynyň ýurtda iş alyp barmak boýunça lisenziýasynyň möhletiniň ilkibaşda şu ýylyň iýul aýynda, soňra-da sentýabr aýynda tamamlanýandygy barada dürli maglumatlar peýda bolupdy.

Emma Solodownikow 24-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda “MTS-Türkmenistanyň” lisenziýasynyň möhletiniň 2017-nji ýylda däl-de, 2018-nji ýylyň iýul aýynda tamamlanýandygyny tassyklady.

“Lisenziýanyň möhleti öňümizdäki ýylyň iýul aýynda tamamlanýar” diýip, MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili aýtdy.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, “MTS-Türkmenistan” bilen türkmen häkimiýetleriniň arasynda gepleşikleriň dowam edýändigini, geçen hepde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligindäki biri-birinden garaşsyz iki çeşmesi hem habar berdi.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagt türkmen tarapy “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygy teklip edýär.

Azatlyk Radiosy MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekilinden, “Aý Nazar” mobil aragatnaşyk operatorynyň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmak ähtimallygy dogrusynda çykan maglumatlar barada hem sorady. Solodownikow bu mesele boýunça özleriniň kommentariý bermekden saklanýandygyny aýdyp, bu maglumaty ne inkär etdi, ne-de tassyklady.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, geçen aýyň aýagyna Aşgabatda we ýurduň beýleki welaýatlarynda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk operatory öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi bes edipdi.

Bu waka Azatlygyň “MTS-Türkmenistan” we “TürkmenTelekom” kompaniýalaryndaky çeşmeleri MTS-iň işgärlerine başga iş gözlemegiň maslahat berlendigi barada habar bermeginiň yz ýanyna gabat gelipdi.

Aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, iýun aýynyň ahyrynda bolan birnäçe günlük arakesmeden soň, häzirki wagt “MTS-Türkmenistanyň” öz müşderilerinden tölegleri diňe ofislerinde kabul edip başlandygyny, ýöne onuň möçberiniň çäkli bolmagynda galýandygyny aýtdy.

“Häzirki wagt MTS-iň ofis edaralaryndaky kassalarda oturan jogapkär işgärler müşderilerden diňe 10 manada çenli pul tölegini kabul edýärler. Mundan iki aý çemesi ozal müşderiler öz abonentlerine islendik möçberdäki pul serişdesini goýup bilýärdiler. “MTS-Türkmenistanyň” umuman telefon aragatnaşygy, internet hyzmaty işlese-de, onuň mobil hyzmat nokatlaryndaky funksiýalaryndan peýdalanyp bolmaýar. Ýagny paýtagtyň köçelerinde ýerleşdirilen ýörite awtomat enjamlar ýa-da söwda dükanlarynda goýlan elektron kassalar arkaly “Altyn Asyr” we halkara mobil operatorlaryna tölegleri amala aşyryp bolýan bolsa, “MTS-Türkmenistanyň” töleglerini geçirip bolmaýar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Aşgabat şäherindäki Sumbar bazarynyň demirgazygynda ýerleşýän MTS-iň ofis edarasyndaky jogapkär işgärler häzirlikçe ýagdaýyň nämälim bolmagynda galýandygyny, şol sebäpli özlerine 10 manatdan köp tölegleri kabul etmezligiň tabşyrylandygyny aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri MTS-iň ýurtda alyp barýan işini resmi taýdan bes edýändigi ýa-da etmeýändigi barada henize çenli resmi beýanat bilen çykyş etmän gelýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG