Sepleriň elýeterliligi

'Talyban' Owganystanyň günorta-gündogaryndaky etraby basyp aldy


Owganystanda "Talyban" toparyna garşy göreşýän söweşijiler, Paktia welaýaty, Owganystan, 18-nji iýul, 2017

Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, “Talyban” Owganystanyň günorta-gündogaryndaky etraby basyp aldy. Bu, birnäçe günüň dowamynda söweşiji toparyň eline geçen üçünji etrapdyr.

“Talyban” Pakistan bilen serhetde ýerleşýän Paktia regionynda Khel etrabyny basyp aldy.

Welaýat geňeşiniň başlygy Serdar Han Malangzoiniň dpa agentligine aýtmagyna görä, etrap 25-nji iýulda irden hökümet güýçleri bilen gazaply söweşleriň netijesinde söweşijileriň eline geçipdir.

Emma welaýatyň polisiýasynyň metbugat-wekili howpsuzlyk güýçleriniň etrabyň merkezine henize çenli gözegçilik edýändigini we hüjüm astynda galýandygyny aýtdy.

Malangozi “Talybanyň” etrabyň häkimligini, polisiýa edaralaryny we saglygy saklaýyş jaýyny basyp alandygyny aýtdy.

“Talyban” öz beýannamasynda etraby ele salandygyny yglan etdi.

23-nji iýulda “Talyban” Gor welaýatynda Taýwara etrabyny we Farýap welaýatynda Kohistan etrabyny basyp aldy.

XS
SM
MD
LG