Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa, Fransiýa, Orsýet we Ukraina ok atyşygy bes etmek barada “gyssagly çäre” görmegi ylalaşdylar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Germaniýanyň hökümeti gündogar Ukrainada söweşleri bes etmek boýunça 2015-nji ýylda gelnen ylalaşyga itergi bermek üçin Germaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň “gyssagly çäreleriň” ençemesi barada ylalaşandygyny aýtdy.

Germaniýanyň hökümetiniň 24-nji iýulda aýtmagyna görä, toparyň Ukrainanyň gündogarynda orsýetçi separatistleriň hökümet güýçlerine garşy söweşýän regionynda ok atyşygy bes etmek boýunça ylalaşygyň bozulmagyny dessine bes etmäge çagyrandygyny mälim etdi.

Dört ýurduň liderleriniň iki sagadyň dowamynda geçiren telefon söhbetdeşliginde ukrain harbylaryny we orsýetçi separatistleri bölmek, şeýle-de agyr ýaraglary konflikt liniýasyndan yza çekmek ýaly meseleleriň ileri tutulýandygyny aýtdylar.

Minsk ylalaşygy diýlip atlandyrylýan 2015-nji ýylda baglaşylan parahatçylyk ugrundaky ylalaşyk 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri regionda 10 müň adamyň ölümine sebäp bolan konflikti bes etmekde şowsuz boldy.

Ok atyşygy bes etmek boýunça ozalky ylalaşyklar berjaý edilmändi. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Uly-20 guramasynyň iýul aýynyň başynda geçirilen sammitinde eden çykyşynda gündogar Ukrainadaky konflikti bes etmek boýunça tagallalarda öňegidişligiň “örän, örän haýaldygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG