Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Türkmen gazyna zerurlyk bolmaz


Häzir Aşgabat gazyny diňe Hytaýa eksport edýär.
Häzir Aşgabat gazyny diňe Hytaýa eksport edýär.

Eýran türkmen gazyna bolan mätäçligi aradan aýyrjak täze gaz geçirijini ulanyşa bermäge taýýardygyny aýdýar.

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň direktorynyň sözlerine görä, ýurduň Semnan welaýatynyň Damgan şäherinden Mazandaran welaýatynyň Neka şäherine çenli uzaýan gaz geçiriji öňümizdäki hepde işläp başlar.

“Damghan-Neka gaz geçirijisiniň işläp başlamagy bilen türkmen gazyny import etmäge zerurlyk galmaz. Emma, biz regional gatnaşyklary giňeltmek baradaky milli syýasatymyza eýerip, türkmen gazynyň swapyny (gaz alyş-çalşygy ylalaşygy, ýagny bir ýurduň belli bir möçberdäki gazyny ikinji ýurda akdyrandan soňra, soňky döwletiň, öz gorlaryndan, birinji döwletiň adyndan beýleki bir tarapa öz gazyny ibermegi – red.) dowam etdireris” diýip, Hamidreza Arakiniň sözleri eýran mediasynda getirildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan owal Eýran türkmen gazyny import edip, ony özüniň demirgazyk sebitlerine akdyrýardy. Emma, Aşgabat şu ýylyň 1-nji ýanwarynda uzak wagt tölenmedik 2 milliard dollar bergi zerarly Eýrana iberýän gazyny kesipdi.

Munuň yz ýany, Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Türkmenistana garşy kanun taýdan çäre görjekdigini aýdypdy. Aşgabat bolsa Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň çäklendirilmek ähtimallygy barada, Tährana öňünden duýdurylandygyny aýdypdy.

“Gynansak-da, 2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi” diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda mälim edildi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa, 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda Türkmenistan ýurtdaky gaz ýetmezçiliginden peýdalanyp, ylalaşykda kesgitlenen tebigy gazyň bahasyny dokuz esse gymmatlatdy diýdi. Munuň netijesinde, öň 1000 m3 tebigy gaz üçin $40 möçberinde töleg alnan bolsa, onuň möçberi $360 çykaryldy.

Bu dawanyň fonunda, eýran resmileri “türkmen gazyna zerurlygyň ýokdugyny”, şeýle-de Tähranyň ýene bir gyşy türkmen gazyny almazdan gyşlamaga taýýarlanýandygyny belläp, çykyş edipdiler.

“[Işe girizilmeli] gaz geçirijiniň ýurduň demirgazyk sebitlerine günde 35 million m3 gazy akdyrmaga mümkinçiligi bolar. Bu Türkmenistandan import edilýän gazyň togtadylmagy dowam etdirilse-de, regiony gaz bilen üpjün etmäge ýeterlik bolar” diýip, Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň direktory Hamidreza Araki şu sişenbe güni çykyş etdi.

Şol bir wagtda, Eýran “Türkmengaza” bolan bergisiniň “aglaba bölegini” harytlar we inžener hyzmatlary bilen üzendigini mälim etdi.

Galyberse-de, resmi Aşgabat ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda hiç hili beýanat bilen çykyş etmedi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, geçen ýylyň ýanwarynda Russiýanyň türkmen gazyny almagyny togtatmagy bilen, häzir Aşgabat gazyny ýeke-täk ugur boýunça, ýagny diňe Hytaýa eksport edýär. Mundanam başga, energiýa serişdeleriniň bahalarynyň gaçmagy bilen Türkmenistanyň häzir agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG