Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň Baş prokuraturasy Yslam Kerimowyň gyzynyň türmededigini aýtdy


Özbegistanyň merhum prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gulnara, Daşkent, 31-nji awgust, 2012
Özbegistanyň merhum prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gulnara, Daşkent, 31-nji awgust, 2012

Özbegistanyň Baş prokuraturasy ýurduň merhum prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gulnaranyň 2015-nji ýylda bildirilen günä bilen baglylykda türmededigini we dowam edýän derňewler bilen baglylykda täze aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny mälim etdi.

28-nji iýulda edilen bu beýannama berk gözegçilikdäki Merkezi Aziýa ýurdunyň häkimiýetleriniň Kerimowanyň ykbaly barada ilkini gezek beren resmi maglumaty boldy. Uzak wagtyň dowamynda Kerimowanyň Daşkentde öý tussaglygynda saklanýandygy barada çaklamalar öňe sürülipdi

Öňki prezident Yslam Kerimowyň gyzynyň ykbaly barada habar berýän beýanat, onuň aradan çykmagyndan soň ýurt başyna geçen Şawkat Mirziýaýewiň ýurdy üzňelikden çykarmak boýunça käbir ädimleri ädim başlan döwrüne gabat geldi.

Baş prokuraturanyň maglumatynda Kerimowanyň 2015-nji ýylda bäş ýyllyk “çäklendirilen azatlyga” höküm edilendigi aýdyldy we onuň ençeme jenaýatçylyklarda, şol sanda zor bilen pul talap etmekde, hilegärlikde we salgytdan gaçmakda aýyplanandygy habar berildi. Resmi beýanatda Kerimowanyň şol aýyplamalaryň esasynda tussag bolandygy aýdylýar, emma tussaglygyň görnüşi takyk edilmeýär.

XS
SM
MD
LG