Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat we Waşingon salgytlar boýunça maglumat alyşmagy kanunlaşdyrdy


Türkmenistandaky amerikan ilçisi Allan Mastard, fotosurat Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasynyň saýtyndan alyndy.

ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard bilen Türkmenistanyň maliýe ministri Goçmyrat Myradow 28-nji iýulda ABŞ-nyň “Daşary ýurtlardaky maliýe edaralarynda açylan hasaplar boýunça salgyt hasabatlylygy hakyndaky” kanunynyň (FATCA) düzgünlerini berjaý etmek baradaky hökümetara ylalaşyga gol çekdi.

Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

“Salgyt bilen baglylykda maliýe hasaplary babatda awtomatiki şekilde maglumat alyşmak – daşary ýurtlaryň maliýe edaralarynda açylan hasaplar boýunça salgyt tölemekden gaçmagyň azalmagy ugrunda edilýän tagallada dünýä ölçegi bolup durýar” diýip, habarda bellenýär.

Amerikan ilçihanasynyň maglumatyna görä, ABŞ 2010-njy ýylda amerikan salgyt töleýjileriniň daşary ýurtlardaky maliýe hasaplary boýunça maglumat alyşmagyny we aýdyňlygy höweslendirmek üçin, daşary ýurtlardaky hasaplar boýunça salgyt tölemekden boýun gaçyrmaga garşy göreşmek maksady bilen, “Daşary ýurtlardaky maliýe edaralaryndaky hasaplar boýunça salgyt hasabatlylygy hakyndaky” kanunyny (FATCA) kabul etdi.

ABŞ 113-den gowrak ýurt we ýuridiki çäkler bilen FATCA kanunynyň düzgünnamalaryny durmuşa geçirmek baradaky hökümetara ylalaşyga gol çekdi diýip, ABŞ-nyň ilçihanasynyň saýtynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG