Parlament saýlaw sistemasynda teklip edilýän gapma-garşylykly özgerişleri tassyklanyndan soň, Moldowada birnäçe ýüz adam protest geçirýär. Tankytçylar bu özgerişlikleriň ýurduň uly iki partiýasyna peýdaly boljakdygyny aýdýarlar.
Protestçiler 30-njy iýulda moldowan we ýewropa baýdaklaryny göterip, Kişinýowdaky parlament binasynyň öňünde toplandylar.
Kanun çykaryjylar 27-nji iýulda bu özgerişlikleri tassyklaly bäri bu ýerde birnäçe protest guraldy. Tassyklanan özgerişlikleriň içinde syýasy ýaranlyklaryň parlamente girmegi üçin edilýän talabyň, ýagny almaly sesiň azaldylmagy, täze saýlaw okruglarynyň döredilmegi, kandidatlaryň öz emläkleri barada jarnama doldurmagynyň talap edilmegi hem bar.
Tankytçylar bu özgerişlikleriň kiçi partiýalary gysyp çykarjakdygyny we iki uly partiýa – dolandyryjy, Günbatara tarapdar Demokratik partiýa we oppozisiýadaky orsýetçi Sosialistlere peýdaly boljakdygyny aýdýarlar. Şeýle-de olar bu özgerişlikler sese goýulmazyndan öň jemgyýetçilik çekişmesiniň bolmandygyny aýdýarlar.
Özgerişlikleriň tarapdarlary täze düzgünleriň syýasatçylary has jogapkär etjekdigini öňe sürýärler.