Sepleriň elýeterliligi

TDH: Aşgabatda 7 müň 7 ýüz adam tigirli ýörişe gatnaşdy


Prezident Berdimuhamedow tigirli ýörişe gatnaşýar. 2013-nji ýyl, arhiw fotosy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýulda Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli guralan köpçülikleýin çärelere, tigirli ýörişe gatnaşdy.

TDH-nyň maglumatyna görä,Tigirli ýörişiň geçirilýän ýolunyň ugrunda “Miras”, “Näzli”, “Laçyn”, “Meňli”, “Aşgabat”, “Galkynyş”, “Serpaý” aýdym-saz toparlary we talyplar ýurduň “ýeten derejesini wasp etdiler”.

Neşiriň maglumatyna görä, tigirli ýörişe diňe bir Aşgabatda 7 müň 700-den gowrak adam gatnaşdy, tigirli ýöriş sebäpli paýtagtyň ähli köçelerinde 07:00-dan 19:00-a çenli ulaglaryň hereketi çäklendirildi.

Azatlygyň habarçylary bu ýagdaýyň jemgyýetçilik transportyny, taksileri ulanyp, iş ýerlerine ýa başga hajatlary üçin bir ýere barmaly bolan adamlarda uly kynçylyk döredendigini habar berýärler.

Emma TDH bu “baýramçylygyň diňe bir welosiped söýüjileriň däl-de, ähli türkmenistanlylaryň hakydasynda galjakdygyny” nygtady.

Türkmenistanda ýaşaýjylaryň köpüsi Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeşlikde hökümetiň yssy ýa sowuk diýmän guraýan we adamlary mejbury gatnaşdyrýan çärelerinden ýadandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG