ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense Estoniýanyň, Latwiýanyň we Litwanyň prezidentleri bilen duşuşygynda Waşingtonyň Baltik döwletlerine goldawyny tassyklady.
Pense 31-nji iýulda Estoniýada eden çykyşynda, ABŞ-nyň diplomatik işgärleriniň sanyny azaltmak hakynda Moskwa tarapyndan edilen talaba garamazdan, Waşingtonyň öz maksatlaryndan el çekmejegini aýtdy.
ABŞ “güýç, haýbat we gorkuzmak we Baltiýa döwletlerine ýaramaz täsir ýetirmek ýaly synanyşyklary ret edýär” diýip Pense aýtdy.
Sowet döwründe Moskwa tarapyndan dolandyrylan Baltiýa döwleti NATO-nyň agzalary bolup durýar.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense 31-nji iýulda Tallinden Gürjüstana we yzýany Çernogoriýa sapar eder.