Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-ny ýadro ylalaşygyny bozmakda aýyplady


Eýranyň "Simorgh" (Phoenix) satellit raketasy, Tähran, 11-nji fewral, 2016
Eýranyň "Simorgh" (Phoenix) satellit raketasy, Tähran, 11-nji fewral, 2016

Eýran 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmäge jogapkär komissiýa ýüzlenip, ABŞ-nyň geçen aýda Tährana garşy girizen sanksiýalary barada şikaýat edendigini aýtdy.

Parlamentiň spikeri Ali Larijani bu barada 1-nji awgustda aýdyp, Tähranyň Waşingtony Eýranyň we dünýäniň alty sany täsirli ýurdunyň, şol sanda ABŞ-nyň arasynda baglaşylan Hereket etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn plan (JCPOA) diýlip, atlandyrylýan dokumenti bozmakda aýyplandygyny mälim etdi.

Eýranyň bu beýanaty ABŞ-nyň Maliýe departamentiniň geçen aýda Eýranyň alty sany kompaniýasynyň Tähranyň ballistik raketalary öndürmek boýunça programmasyndaky roly üçin olara garşy sanksiýalary girizmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Eger komissiýa dawany çözüp bilmese, taraplaryň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüz tutmagy mümkin.

Mundan öň Eýran ABŞ-ny sanksiýalary girizmek arkaly ýadro ylalaşygynyň ruhuny äsgermezlikde aýyplapdy, emma Waşingtona garşy resmi çäre görmändi.

XS
SM
MD
LG