Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Talyplar tomus dynç alşynda öýlerine “goýberilmeýär”


Türkmen studentleri
Türkmen studentleri

Şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde, Türkmenistanda ýokary we ýörite okuw jaýlaryň talyplarynyň tomusky kanikulynda öýlerine goýberilmedikleri barada maglumatlar bar.

“Ýaşlar her gün sport desgalarynda, stadionlarda taýýarlyk çäresine çekýärler” diýip, talyp Serdar aýdýar.

Bu entek hemmesi däl, yssy howada taýýarlyk çäresinden surnugýan talyplar soňra öz ýaşaýan umumy ýaşaýyş jaýlarynyň ýa-da okuw mekdepleriniň daş-töweregini arassalamak işlerine-de çekilýärler.

Talyplara dem-dynç almaga wagt hem galanok. Sebäbi agşam sagat 20-00-dan soňra olara seýilgählere çykyp ýa şäheriň daş-töwereginde gür bagly ýerlerde dynç almaga gitmek üçin rugsat berilmeýär.

Agşam sagat 20-00-dan soňra olaryň bir ýere gitmek zerurlygy ýüze çykan halatynda, olar diňe ene-atalaryň dekanyň adyna arza ýazmagynyň esasynda goýberilýändigini Serdar sözüne goşýar.

Welaýatdan gelip ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplaryň Aşgabatda dogan-garyndaşlary, ýakynlary ýaşaýanlary hem kän. Olaryň tanyşlarynda bir toý-märeke bolsa, welaýatdaky ene-atalary toý-märekä gatnaşmaga gelende, dekanyň adyna arza ýazyp, öz talyp çagasyny bir gije-gündizlik ýa bir günlük alyp bilýärler.

“Şeýle rugsady almak üçin, talybyň ene-atasyndan arzasynyň ýany bilen haýsam bolsa biriniň pasportynyň nusgasy talap edilýär. Şeýle-de, haýsy sagatdan haýsy sagada çenli rugsat soraýanyň anyk görkezilmeli we ene-atasy bilen toý-märekä gitmäge rugsat berlen talyp arzada görkezilen sagadynda umumy ýaşaýyş jaýyna hökman dolanyp gelmeli.

Wagtynda dolanyp gelmedik talybyň ene-atasyna gelejekde öz çagasyny alyp bilmäge mümkinçilik berilmejegi hem aýdylýar. Edil harby gullukda ýaly, talybyň her sagady, haçan nirede bolmaly wagty dekanyň ýa beýleki mugallymlaryň gözegçiliginde saklanýar” diýip, Serdar aýdýar.

Ýokary okuw jaýynyň rektorlary tarapyndan berilýän bu görkezme köp halatda dekanlara we talyplara gözegçilik etmek üçin berkidilen mugallymlara gazanç çeşmesi bolýanlygyny hem talyplar aýdýarlar.

Uzakly güni we aýlap umumy ýaşaýyş jaýlaryndan çykmaýan, sport desgalaryndan başga ýere goýberilmeýän talyplaryň hem biraz göwün açasy, dem-dynç alasy gelýän halatlary bolýar.

Bile okaýan talyplaryň birden-birini ene-atasy toý-märekä alyp giden halatynda, olara goşulyp gitmek isleýän talyplar özlerine gözegçilik edýän mugallymlaryň göwnüni tapsalar, onda olara hem assyrynlyk bilen rugsat berilýändigini Serdar aýdýar. “Şele ‘göwün görmäniň’ nyrhy 50 manat” diýip, Serdar sözüne goşýar.

Sözümiziň soňunda bellesek, talyp Serdaryň bu aýdanlaryny ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylaryndan birine ýa-da bir dekana tassyklatmak hem, inkär etdirmegem başartmady.

XS
SM
MD
LG