Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp saýlawlardaky ýeňişine Orsýetiň ýardam bermändigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2016-njy ýylyň saýlawlarynda özüniň ýeňmegine Orsýetiň ýardam bermändigini aýdyp, Adalat departamentiniň Orsýetiň ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna täsiri baradaky çaklamalary derňemek üçin giňişleýin topar döredendigi baradaky media maglumatlary bilen baglylykda çykyş etdi.

“Köp adam bilýär biziň kampaniýamyzda orsýetlileriň bolmanlygyny. Biz Orsýet sebäpli ýeňmedik. Biz siz sebäpli ýeňdik” diýip, Tramp 3-nji awgustda Günbatar Wirginia ştatyna eden saparynyň dowamynda öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Respublikan partiýasyndan bolan Tramp demokratlary “ýalançylykda” we “dolulygyna galp Orsýet hekaýasyny” döretmekde aýyplaýar.

Tramp we Ak Tamyň beýleki wekilleri täze dörediljek toparyň prezidentlik saýlawlaryndaky ýeňişine Orsýetiň ýetiren täsiri baradaky çaklamalaryň soňuna çykmagyna umyt bagladylar.

XS
SM
MD
LG