8-nji awgustda Täjigistan Eýrany 1990-njy ýyllaryň graždan urşunyň dowamynda görnükli adamlaryň öldürilmegini, şol sanda 1999-njy ýylda parlamentiň öňki ýolbaşçysy Safarali Kenjaewiň janyna kast edilmegini goldamakda aýyplady.
Täjigistanyň döwlet telewideniýesinde görkezilen 45-minutlyk dokumental filmde ýurduň içeri işler ministri Tähranyň Täjigistanda graždan urşy öjükdirmäge gyzyklanma bildirendigini, “Täjigistanda yslam gaýtadan döreýiş” partiýasyna maliýe kömegini berendigini we söweşijileri türgenleşdirendigini aýtdy.
Ministriň aýtmagyna görä, Eýranyň maliýe kömegi we öldürmek barada görkezmeleri “Täjigistanda yslam gaýtadan döreýiş” partiýasyna Hoji Halim Nazarzodanyň üstünden berlendigini aýtdy. Goranmak ministriň öňki orunbasary Nazarzoda 1990-njy ýyllarda yslamçy oppozision partiýanyň agzasydy.
Nazarzoda 2015-nji ýylyň sentýabrynda Duşenbäniň golaýynda harby agdarylyşyga garşy operasiýanyň dowamynda öldürilipdi.