Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talybanyň' YD bilen bilelikdäki hüjüminden soň 235 zamunyň boşadylandygy aýdyldy


Owganystanyň Sar-e Pul welaýaty
Owganystanyň Sar-e Pul welaýaty

“Talyban” Owganystanyň demirgazygynda “Yslam döwleti” (YD) topary bilen amala aşyran bilelikdäki seýrek hüjüminde 50 sany esasan şaýy raýaty öldürendigi aýdylýan çetdäki obada 235 sany zamuny boşatdy diýip, 8-nji awgustda resmiler aýtdylar.

“Şu agşam 235 adam, şol sanda aýallar we çagalar ýerli ýaşulularyň we regional resmileriň araçylygynda Mirza Olangdan boşadyldy” diýip, welaýatyň häkiminiň orunbasarynyň metbugat-wekili Zabihullah Amani AFP agentligine aýtdy.

Owganystanyň howpsuzlyk çeşmeleriniň AFP agentligine aýtmagyna görä, Sar-e Pul welaýatynyň Saýad etrabynda ýerleşýän Mirza Olangda ýene 100 çemesi adam zamunlykda galýar. Gozgalaňçylar obany dynç günlerinde basyp aldylar.

“Talyban” we YD toparynyň söweşijileri 5-nji awgustda amala aşyran bilelikdäki hüjüminde 50 çemesi adamy, şol sanda çagalary we zenanlary öldürdiler.

XS
SM
MD
LG