Täjigistanyň häkimiýetleri Duşenbede adam heläkçiligine getiren ýol hadysasyna sebäpkär bolmakda güman edilýän ulag sürüjisiniň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň işgäridigini aýdýarlar.
Içeri işler ministrliginiň websaýtynda 10-njy awgustda çap bolan maglumata görä, Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 24 ýaşly derňewçisi Odiljon Şarifow 30-njy iýulda özüniň Mercedes kysymly awtoulagyny iki sany pyýadanyň üstüne sürüp, olaryň biriniň ölümine sebäpkär bolupdyr.
Hadysadan 11 gün geçenden soň sebäpkäriň ady mälim edildi.
Täjigistanyň we beýleki öňki sowet ýurtlarynyň ençemesiniň jemgyýetleri ýokary derejeli resmileriň we olaryň garyndaşlarynyň gatnaşmagyndaky jenaýatçylyklaryň derňelmeýändigine we günäkärleriň jezalandyrylmaýandygyna nägilelik bildirýärler.
Duşenbäniň häkimiýetleri şäherde 850 sany gizlin kameranyň ýerleşdirilendigini aýdýarlar.