Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Owganystanda asuda ilatdan 13 adam öldürildi


Farýap welaýatynyň daglyklary

Demirgazyk Owganystanyň Farýap welaýatynda bir jaýyň üstünden düşen minomýot oky azyndan 13 adamy öldürdi diýip, resmiler 12-nji awgustda aýtdylar.

11-nji awgustda Dawlatabat etrabynda bolan hadysda 10 çaga we iki aýalşobada heläk boldy diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Abdul Ahad Elbek dpa habar gullugyna aýtdy.

Etrap polisiýasynyň başlygy Naimatullah Tofan, ölenlerden başga, azyndan 3 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Minomýot okuny owgan howpsuzlyk güýçleriniň atandygy ýa-da “talyban” jeňçileriniň atandygy belli bolman galýar. “Talyban” bada-bat hiç bir beýanat etmedi.

XS
SM
MD
LG