Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda maýyplaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň alynýandygy aýdylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Häkimlikleriň soňky çykaran kararyna görä, Aşgabat şäherinde çagalykdan serebral ysmaz bolan maýyplaryň awtoulag sürmeli däldigi barada aýdylýar.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran maýybyň aýtmagyna görä, döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri şeýle näsaglaryň öýlerine aýlanyp, olaryň sürüjilik şahadatnamasyny ellerinden alyp başlapdyr.

Organ işgärleri özlerinde hem-de saglyk öýlerinde bar bolan maglumatlara görä, hasapda durýan maýyplaryň öýlerine gelip, sürüjilik şahadatnamasyny talap edýärler. Onuň sebäplerini soran maýyplara bolsa, şeýle diagnoz bilen hasapda durýan sürüjilere awtoulag sürmäge kanunyň ýol bermeýändigini aýdýarlar.

“Kanun boýunça çagalykdan serebral ysmaz adamlar awtoulag sürmeli däl bolsalar, onda olara başda sürüjilik şahadatnamasy näme üçin berlipdir?” diýen soraga jogap höküminde, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri şeýle sürüjilik şahadatnamalarynyň berilmegi bikanun diýip, onuň kim tarapyndan, nädip berlendiginiň barlanyp görülmelidigi, şeýle maýyplara sürüjilik şahadatnamasyny beren resmilere çäre görüljekdigi bilen haýbat atýandyklaryny hem maýyplar aýdýarlar.

“Isleseň-islemeseň sürüjilik şahadatnamaňy eliňden alyp gidýärler. Ony nähili kynçylyk bilen alandygyňa üns berip duranoklar. Bu ýerde bikanunçylygyň bar bolmagy hem ähtimal, ýöne şol bikanunçylyk ozal başda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň özleri tarapyndan goýberlen bolmaly. Indem sürüji günäkär bolýar” diýip, şeýle ýagdaýa düşen maýyplar zeýrenýärler.

“Döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleriniň talaplary kanuna laýyk bolaýan halatynda hem maýyplar barada ozaldan alada edilmän, olaryň özleri üçin döreden amatlyklarynyň elinden alynmagy ynsapsyzlyk” diýip, maýyplar närazyçylyk bildirýärler.

4-5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarky gatlarynda ýaşaýan maýyplar hatda aşaky gatlara düşmekde hem hiç bir amatlygyň ýokdugyny, köp gatly jaýlaryň girelgelerinde, jemgyýetçilik awtoulaglarynda, ýer asty geçelgelerde we köprülerde maýyplar üçin hiç bir amatlyklar göz öňünde tutulmaýandygyny olar aýdýarlar.

“Bu sowet sistemasy döwründe hem göz öňünde tutulmandy, indi gatbar-gatbar gurulýan ‘elita’ atlandyrylýan jaýlarda hem daşary döwletlerden satyn alynýan täze awtoulaglarda hem göz öňünde tutulmaýar. Maýyplar, hamana, jemgyýetiň agzasy däl ýaly” diýip, maýyplar aýdýarlar.

Bu kararyň şu ýylyň sentýabr aýynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda orta getirilmegine hem maýyplar ünsi çekýärler.

“Aziada diýlende süňňümiz gagşap durandan bolduk. Hakydamyzda hiç bir ýakymly ýatlama galar ýaly etmediler. Maýyplar awtoulag sürmeli däl, maýyplar köçä çykmaly däl, höwes edip aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerlerine barmaly däl. Amatlyklar bolmanlygy sebäpli kino-konsert merkezlerine, teatrlara baryp bolmaýar. Ýurtda bar bolan eşret diňe häkimliklere hyzmat edýänler üçin. Beýleki adamlar bolsa diňe basyşlaryň aşagynda ýitip gitmeli” diýip, maýyplar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG