Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp jynsparazlygy berk ýazgardy, protestler dowam edýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşington, 14-nji awgust, 2017.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşington, 14-nji awgust, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Wirginia ştatynda ak jynsparazlyga garşy demonstrasiýa geçiren zenanyň ölümi sebäpli tutaşan protestleriň dowam edýän wagtynda 14-nji awgustda eden çykyşynda jynsparazlygy berk ýazgardy.

“Jynsparazlyk zalymlykdyr we onuň adyndan zorlugy tutaşdyrýanlar jenaýatçylar we garakçylar” diýip Tramp 14-nji awgustda žurnalistlere aýtdy.

Tramp Ku Klux Klan, neonasist guramalary we ak jynsparazlar “amerikanlaryň gorap saklaýan gymmatlyklary üçin ýaramaz” diýdi.

12-nji awgustda awtoulagyň Şarlotswill şäherinde aşa sagçylaryň ýörişine garşy protest bildiren adamlaryň üstüne sürmeginiň netijesinde 32 ýaşly Heather Heyer wepat boldy we ýene 19 adam ýaralandy.

Tramp geçen dynç günlerinde eden özüniň ilkinji çykyşlarynda milletçileri ýazgarmandygy üçin tankyt astyna düşüpdi. Onuň çykyşlary ýurtda dartgynlylygy gowşadyp bilmändi, birnäçe şäherde aşa sagçy toparlara garşy protestler dowam etdirildi.

XS
SM
MD
LG