Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda müň çemesi adam yssy howada 10 sagat toksuz galdy


Aşgabat
Aşgabat

19-njy awgustda, daňdan sagat 3-de Aşgabadyň Mir-2/1 mikroraýonynyň 21-nji jaýynyň elektrik togy kesildi.

Ýerli çeşmäniň maglumatyna görä, bu ýagdaýy ýaşaýjylaryň hemmesi duýdy we derrew aýak üstüne galdy, sebäbi Aşgabatda şu günler gijesine-de howanyň temperaturasy 30 gradusa çenli baryp ýetýär we sowadyjylaryň işlemegi uly zerurlyk bolup durýar.

“Ýaşaýjylar birki sagat sabyr edip garaşdylar, emma soň çydaman, şäheriň elektrik edarasynda jaň edip başladylar. Emma ol ýerden kim, haçan jaň etse, ‘tok bir sagatdan berler, kabelde näsazlyk ýüze çykdy, ussalary ugratdyk’ diýip jogap berdiler” diýip, ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

21-nji jaýyň çyralary ahyry gündiz sagat13-de ýandy,10 sagatdan soň ýandy, şu wagtyň dowamynda 236 kwartiraly 9 gat jaýda ýaşaýan 1000 çemesi adam toksuz oturdy diýip, Azatlygyň çeşmesi bu habary tassyk etdi.

Aşgabatda soňky wagtlar toguň, suwuň kesilmegi has gürelip başlady diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Bellemeli ýeri, şu gün 10 sagatlap elektrigi kesilen 21-nji jaý sentýabrda Aziýa oýunlarynyň käbir ýaryşlarynyň geçiriljek sport desgalarynyň golaýynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG