Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda çarwa halklarynyň kok-boru atly at üstündäki ýaryşy başlanýar


Kok-boru ýaryşy
Kok-boru ýaryşy

21-nji awgustda Gazagystanyň paýtagty Astanada başlanýan çarwa halklarynyň kok-boru atly at üstündäki ýaryşda Gyrgyzystanyň milli topary Mongoliýanyň topary bilen atlaryň nallaryna degişli dawaly ýagdaýda duşuşýar.

Gyrgyzystanyň toparynyň öz atlarynyň yzky aýaklaryndaky nallary aýyrmakdan ýüz öwürmegi dawanyň döremegine sebäp boldy.

Gyrgyz topary gogboru we bizkashi ady bilen hem tanalýan bu sportda şeýle düzgünlere hiç wagtda duş gelmändigini aýtdy.

Ýaryşa gatnaşýan iň güýçli topar hasaplanýan gyrgyz atçylary bäsdeşligiň düzgünlerine protest bildirip, oýundan çykmagy bilen haýbat atdy.

Gyrgyzystanyň Ýaşlar, bedenterbiýe we sport boýunça komiteti gyrgyz toparynyň ýaryşdan çetleşdirilen ýagdaýynda Mongoliýanyň toparynyň ýeňişe eýe boljagyny 21-nji awgustda aýtdy.

Astanadaky ýaryşa 12 sany milli topar, ýagny Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hytaýyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Orsýetiň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň milli toparlary gatnaşýarlar.

XS
SM
MD
LG