Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda eýesiz jandarlaryň ilkinji merkezi hasaba alyndy


Aşgabadyň köçeleriniň birindäki it

Türkmenistanda eýesiz it-pişikler üçin ilkinji penahana resmi taýdan hasaba alyndy diýip, “RIA Nowostiniň” Aşgabatdaky habarçysy Amangeldi Nurmyradow ýekşenbe güni Türkmenistanyň “Oriýent” habar saýtyna salgylanyp habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, bu waka ýerli häkimiýetleriň eýesiz it-pişikleri zäherläp ýa urup-ýenjip öldürýändigi hakynda çykan habarlaryň yz ýanyna, sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň bolsa başlanmagynyň öňýanyna gabat geldi.

“RIA Nowosti” neşiriniň maglumatyna görä, eýesiz jandarlara hemaýat merkezi bolmaly “Umyt adasyna” kinologiýa ugrundan hususy kärhana açmaga rugsat berildi, onuň ýuridiki adresi hasaba alyndy we bank hasaby açyldy.

Türkmenistandaky täze kärhananyň inisiatory Aşgabadyň etegindäki bagçylyk posýologynyň ýaşaýjysy Tatýana Galberg, häzir onuň bagçylyk uçastogynda köçeden ýygnalan 100-den gowrak it, 50 çemesi pişik bar. Oňa adamsy Nikolaý we gyzlary Irina bilen Katýa kömekleşýär diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda Türkmenistanyň Ykdysadyýet ösüş ministrliginiň zerur resminamalary ýygnamagy üçin, Galberge hemaýatkärlik edendigi hem-de ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň bu kärhanany derman serişdeleri bilen üpjün edendigi bellenilýär.

Emma haýwanlaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän aşgabatly aktiwist gürrüňi edilýän penahananyň öňden hem bardygyny aýdyp, onuň adamlaryň öz güýji bilen dolandyrylýandygyny we munuň häzirki wagt hasaba alynandygyny aýtdy.

“Ol ýerde ýagdaý gözgyny, haýwanlary günde diňe bir gezek tapan zatlary bilen naharlaýarlar. Olar hem açlykdan, hem-de keselçilikden heläk bolýarlar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran aktiwist gürrüň berdi.

Ol häzirki wagtda penahana üçin Änew şäheriniň 30 kilometr uzaklygynda ýer paýlanyp berilýänem bolsa, eýesiz it-pişikleri öldürmek we tutmak çäreleriniň henizem dowam edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar dogrusynda, Türkmenistanyň komunal hojalyk ministrligi we ýokarda agzalan penahananyň resmileri bilen habarlaşyp, bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Türkmenistanda, hususan-da paýtagt Aşgabatda soňky ýyllar ykdysady kynçylyklar, hususy howly jaýlaryň köpçülikleýin ýykylmagy bilen baglylykda, eýesiz it-pişikleriň köpelendigi, ýerli häkimiýetleriň ol jandarlary zäherläp ýa urup-ýenjip öldürýändigi hakynda habarlar çykdy.

Şu ýylyň maý aýynda ýerli aktiwistleriň, synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi Aşgabady eýesiz haýwanlardan 'arassalamak' boýunça işleriň Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk çäreleriniň öňýanynda has-da ýaýbaňlanandygyny habar beripdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda eýesiz haýwanlary tutmak boýunça giň gerimli işleriň geçirilmegi bilen, köçelerde öldürilen haýwanlaryň jesediniň has köp peýda bolandygyny aýdypdylar.

Türkmenistanda eýesiz it-pişikleriň öldürilýän mahaly, türkmen häkimiýetleri uly dabara bilen taýýarlanýan Aziada-2017 halkara sport çäresiniň resmi tumary hökmünde ýaşyl reňkli alabaý itiniň şekilini saýlap aldy.

Resmi metbugat Aziýa oýunlarynyň “ýurduň dünýädäki abraýyny artdyrjakdygyny” tekrarlasa-da, bu oýunlara görülýän taýýarlyklaryň öňýanynda eýesiz it-pişikleriň öldürilmegi barada häzirki güne çenli dymyp gelýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG