Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşraf Ghani ABŞ-nyň Owganystan boýunça täze strategiýasyny makullady


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani, Kabul, 19-njy awgust, 2017.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani, Kabul, 19-njy awgust, 2017.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani öz ýurduna Waşingtonyň “dowamly goşandyny” makullap, prezident Donald Trampyň ABŞ-nyň urşa batan Owganystan boýunça täze strategiýasyny mälim etmeginiň yzýany çykyş etdi.

22-nji awgustda eden beýanatynda Ghani Trampa we amerikan halkyna “regiony terrorizm howpundan dyndyrmak boýunça billikdäki göreşde” ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.

“ABŞ-owgan partnýorlygy ozalkysyndan has güýçli” diýip Ghani belledi.

Donald Tramp 21-nji awgustda eden halka ýüzlenmesinde özüniň saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Amerikanyň taryhynda iň uzaga çeken urşuň soňuna çykmak barada beren wadasyndan yza çekilene meňzedi we ABŞ-nyň Owganystandaky soňsuz urşa gatnaşjagyny aňladyp biljek pikiri öňe sürdi. Emma ol ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň sany barada planlaryny mälim etmekden saklandy.

NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg Trampyň “Owganystan we region boýunça täze, ýagdaýa laýyk çemeleşmegini” makullady.

XS
SM
MD
LG