Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Russiýa ok atyşygy bes etmek barada täzeden ylalaşdylar


Ukrainanyň mekdep okuwçylary
Ukrainanyň mekdep okuwçylary

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko okuw ýylynyň başyndan, ýagny 23-nji awgustdan başlap gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmegi teklip etdi we bu teklip Russiýa, Germaniýa, Fransiýa we Birleşen Ştatlar tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Bu baradaky teklip 22-nji awgustda Poroşenkonyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen geçirilen telefon arkaly gepleşiklerde mälim edildi we olaryň ählisi gündogar Ukrainada çagalaryň mekdebe gatnamagy üçin ok atyşygy uzak wagtlaýyn bes etmek baradaky teklibi berk goldadylar diýip, Kremliň we ukrain prezidentiniň metbugat gulluklary habar berdiler.

Poroşenkonyň we Kremliň metbugat gulluklary ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň 23-nji awgustda yglan ediljekdigini aýtdylar.

Poroşenkonyň edarasy liderler ýaraşygyň “mekdep okuwçylarynyň we Donbasyň ähli parahat ilatynyň bähbidine howpsuzlyk ýagdaýlarynyň durnukly gowulanmagyna getirmegini” umyt edýärler diýdi.

XS
SM
MD
LG