Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Aziadadan öň, köpçülik ýerleri dürreli goralýar


Köçä gözegçlik edýän polisiýa işgäri
Köçä gözegçlik edýän polisiýa işgäri

Türkmenistanda Aziýa oýunlarynyň başlanmagynyň öňýanynda, howpsuzlyk çäreleriniň barha güýçlendirilýändigi, ýurduň köçelerinde, seýilgählerinde we bazarlarynda patrullyk edýän ýörite harbylaryň ýerleşdirilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, welaýatyň esasy bazarlarynda, hususan-da, Köneürgenç etrabyndaky bazarlarda eli dürreli esgerler we polisiýa işgärleri patrullyk edýär. Bu harbylaryň sany 20-den hem aşyp, olaryň arasynda esgerler agdyklyk edýär.

“Bazarlara polisiýanyň maşynlary hem wagtal-wagtal aýlanyp gidýär. Mundan bir aý öň beýle zat ýokdy. Şeýle-de, Özbegistan bilen serhet geçelgeleri hem doly ýapyldy. Ýöne bu gezek serhet hem Türkmenistan, hem-de Özbegistanda belleniljek Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, iki ýurt tarapyndan ýapyldy” diýip, Azatlygyň beýleki bir çeşmesi aýdýar.

Azatlygyň Balkandaky çeşmeleriniň we ýerli ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, welaýatyň Balkanabat (öňki Nebitdag) şäheriniň “5-nji bazar” diýlip atlandyrylýan söwda nokadynda we beýleki bazarlarynda 10-dan gowrak polisiýa işgäri we esger ýerleşdirilipdir. Şäheriň aeroportyna patrullyk edýän esgerleriň we polisiýa işgärleriň sany hem artdyrylypdyr.

Mundanam başga, Türkmenbaşy şäheriniň ýerli ýaşaýjylarynyň ençemesiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan özüniň Azerbaýjan we Eýran yslam respublikasy bilen Hazar deňzindäki serhedinde hem gözegçiligi güýçlendirip, bu ýerlerde nobatçylyk edýän harby gämileriň sanyny artdyrdy.

Azatlyk Radiosyna ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynda hem howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilip-güýçlendirilmändigi barada häzirlikçe takyk maglumat almak başartmady.

Emma Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri paýtagtyň köçeleriniň ugrunda, seýilgählerde we şäheriň üç uly derwezesinde hem esgerleriň we polisiýa işgärleriniň ýerleşdirilendigini tassyklaýarlar.

“Aşgabat şäherine üç tarapdan, ýagny Daşoguzdan, Balkandan, Marydan gelýän awtoulaglar üçin niýetlenen derwezelerde esgerler bilen polisiýa işgärleriniň garyşyk gözegçiligi ýola goýuldy. Bu derwezelerde 10 çemesi esger we polisiýa işgäri gözegçilik edýär. Öň bu derwezelerde diňe Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ýerleşdirilerdi” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan bu howpsuzlyk çäreleri barada ilat köpçüligine aç-açan maglumat berilmese-de, bu waka ýurtda harby we kanun goraýjy gulluklaryň güýçlendirilen iş tertibiniň girizjekdigi, şeýle-de serhediň ýapyljagy we wiza düzgünleriniň çäklendiriljegi yglan edilenden bir hepde çemesi wagt soňa gabat geldi.

15-nji awgustda geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken buýrugyna görä, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň howpsuzlygyny doly üpjün etmek çäreleri 17-nji awgustdan güýje girip, 27-nji sentýabra çenli dowam etdiriler.

“Şu döwürde ýurduň ähli harby we hukuk goraýjy edaralary gije-gündiziň iş düzgünine geçýärler. Serhet ýapylýar, wiza düzgünleri hem çäklendirilýär, gümrük gözegçiligi güýçlendirilýär” diýip, Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýdypdy.

Galyberse-de, ýurtda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi Türkmenistanyň günorta-gündogarynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän dört adamyň saklanandygy baradaky resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär hem edilmedik habaryň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesiniň sözlerine görä, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň territoriýasynda tutulan dört adam türkmen raýatlary bolup, Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşipdir.

Türkmen häkimiýetleri şu ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk çärelerine ençeme ýyl öňünden başlady. Bu çärelere alty aý çemesi wagt galanda, paýtagta welaýat belgili ulaglaryň girmegi gadagan edilip, regionlarda ýazga duran türkmenistanlylaryň gelmegi çäklendirildi.

Şeýle-de, paýtagtda ýaşaýan öňki tussaglaryň we psihiki näsaglaryň Aziýa oýunlarynyň geçjek territoriýasyna barmagy gadagan edilip, olara bu sebitde görünmezlik tabşyryldy.

XS
SM
MD
LG