Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Psihiki näsaglara olimpiýa şäherçesinde ‘görünmezlik’ tabşyryldy


27-nji iýuldan başlap Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň uçastok polisiýasy psihiatriýa, ýagny ruhy taýdan näsaglaryň keselhanasynda ýazga alnan raýatlaryň öýlerine aýlanyp başlady diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp beren maglumatyna görä, polisiýa resmileri gürrüňi edilýän raýatlardan we olaryň dogan-garyndaşlaryndan keselhanada ýazga alnan adamlaryň Aziýa oýunlary başlanmazdan bir hepde öň we bu oýunlar tamamlanandan bir hepde soň aralygynda, Aşgabada barmajakdygy barada dilhaty alýarlar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklaýar, emma bu çäräniň ruhy taýdan näsaglaryň keselhanasynda ýazga alnan ähli raýatlara däl-de, öň jenaýat işini eden üçünji derejeli ruhy näsaglara degişlidigini aýdýarlar.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň käbir üçünji derejeli ruhy näsaglara we olaryň dogan-garyndaşlaryna salgylanyp aýtmagyna görä, paýtagtyň Polisiýa departamentiniň uçastok polisiýasynyň resmileri gürrüňi edilýän näsaglara bolan ünsi güýçlendirip, olara köpçülik ýerinde görünmezligi tabşyrýarlar.

“Olar [polisiýa resmileri] üçünji derejeli inwalidlik berlen ruhy keselleriň işleýändigi, işden soň näme bilen meşgullanýandygy barada yzygiderli gyzyklanyp durýarmyşyn. Eger ol işlemeýän bolsa, nädip, kimiň hasabyna eklenýändigi barada dogan-garyndaşlaryndan hem sorag-ideg edilip anygyna ýetilýämişin. Şeýle-de, şeýle adamlaryň şäherde adamlaryň üýşýän ýerine barmakdan saklanmalydygy barada olaryň özlerine we dogan-garyndaşlaryna maslahat berýärler” diýip, Bugaýew aýdýar.

Azatlyk Radiosy üçünji derejeli ruhy näsaglara berilýän bu maslahatlar we onuň sebäpleri dogrusynda Aşgabat şäher polisiýa departamenti bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Bu barada Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde hem maglumat berilmeýär.

Emma Bugaýewiň sözlerine görä, adynyň efirde agzalmazlygyny soran polisiýa resmileriniň käbirleri şeýle çäreleriň Aziýa oýunlary döwründe üçünji derejeli näsaglaryň daşary ýurtlardan geljek myhmanlaryň öňünde “bolgusyz” hereket etmeginiň öňüni almak maksady bilen geçirilýändigini, ýöne munuň diňe Aziýa oýunlaryna mahsus çäre däldigini aýdýarlar.

“Ýurtda, umuman, regionda ilkinji gezek dünýä derejesinde Aziada oýunlary geçiriljek. Ynha şonda şeýle häsiýetli adamlaryň islenmeýän ýerde görnüp, gelen myhmanlaryň öňünde wejera hereket etmeginden çekinilýändigini, iki-ýeke Polisiýa departamentiniň uçastok milisionerleri tassyk edýärler. Ýöne olar muny diňe Aziada bilen baglanyşdyranoklar. ‘Bu yzygiderli geçirilýän iş. Mundan on ýyl öňem şeýledi, häzirem şeýle’ diýip aýdýarlar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, bu türkmen häkimiýetleriniň şu ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde dil üsti bilen girizen ilkinji çäklendirmesi däl.

Ýatladyp geçsek, maý aýynda paýtagtda ýaşaýan öňki tussaglaryň Aziýa oýunlarynyň geçjek territoriýasyna, ýagny olimpiýa şäherçesine barmagy gadagan edilip, olara bu sebitde görünmezlik tabşyryldy.

Mundanam başga, soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri Aziýa oýunlary başlanýança, paýtagty "köne ulaglardan", köçe söwdagärlerinden, eýesiz haýwanlardan "arassalamak" we Aşgabatda ýazga durmadyk türkmenistanlylary öz ýaşaýan regionyna ugratmak, welaýat belgili ulaglary şähere goýbermezlik ýaly çärelerini hem güýçlendirdiler.

Şol bir wagtda, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy bilen agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň bu oýunlara, oňa görülýän taýýarlyklara çykarýan pul serişdeleri barada aýdyň hiç zat aýdylmaýar.

Türkiýäniň “Polimeks” gurluşyk kompaniýasynyň resmi websaýtynda habar berilmegine görä, Aşgabatda Aziýa oýunlaryna gabatlanyp gurlan täze halkara aeroportyň gurluşygy üçin 2,3 milliard amerikan dollary we olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy üçin 5 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlandy.

XS
SM
MD
LG