Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan magistral gaz we nebit geçirijileriniň ugrunda gorag zonalaryny döreder


Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy, 23-nji dekabr, 2015

Türkmenistanyň magistral gaz we nebit geçirijileriniň ugrunda gorag zonalaryny döretjekdigi habar berilýär. Bu barada Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary Maksat Babaýewe salgylanyp, Nebit-gaz informasiýasy agentligi habar berýär.

Maglumata görä, Türkmenistanda “Magistral turbageçiriji transporty hakyndaky kanuna” laýyklykda işlenip düzülýän dokument nebit we nebit önümlerini, tebigy we suwuklaşdyrylan gazy geçirýän magistral turbalaryň daşynda gorag zonalarynyň döredilmegini düzgünleşdirýär. Hususan-da, gorag zonalarynyň territoriýasynda oba hojalyk meýdanlaryny ýerleşdirmegiň, ýaşaýyş jaýlary, ýollary gurmagyň gadagan ediljegi aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň magistral nebit we gaz geçirijileriň proýektirlenmegi, gurluşygy we ulanylmagy boýunça halkara tejribeleri öwrenmegi tabşyrandygy aýdylýar.

Tebigy gazyny halkara bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny gözleýändigini aýdýan Türkmenistan häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrýar we Trans-Hazar gaz geçiriji proýekti barada gepleşikler prosesini dowam etdirýär.

Türkmenistan 2010-2015-nji ýyllarda ýurduň gaza baý gündogar bölegini Hazar deňziniň kenary bilen baglanyşdyran bahasy 2.5 milliard amerikan dollaryna barabar Gündogar-Günbatar gaz geçirijisini gurdy.

XS
SM
MD
LG