Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly meşhur dissident Ebrahim Ýazdi 86 ýaşynda aradan çykdy


Ebrahim Ýazdi
Ebrahim Ýazdi

Eýranly meşhur dissident we ýurduň öňki daşary işler ministri hem Aýatulla Homeinä ýakyn bolan Ebrahim Ýazdi uzaga çeken keselçiliginiň netijesinde 86 ýaşynda aradan çykdy diýip, ýarym resmi ISNA täzelikler agentligi habar berdi.

Maglumata görä, Ýazdi Türkiýäniň Izmir şäherinde çiş keseline garşy bejergi alan ýerinde ýogalypdyr. Onuň jesediniň Eýrana eltilip dogduk şäherinde Kazwinde topraga beriljegi mälim edildi.

Ýazdi ençeme ýyllap sürgünlikde ABŞ-da ýaşady we şa Mohammad Reza Pählewä garşy göreşdi.

Ebrahim Ýazdi 1971-nji ýylda ABŞ-nyň raýaty boldy. 1979-njy ýylda eýran rewolýusiýasyndan soň Ýazdi Eýrana dolandy we premýer ministr Mehdi Bazarganyň geçiş hökümetinde daşary işler ministri wezipesinde işläpdi.

XS
SM
MD
LG