Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulyň merkezinde bolan partlamada azyndan bäş adam wepat boldy


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerini barlaýarlar, Kabul, 29-njy awgust, 2017
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerini barlaýarlar, Kabul, 29-njy awgust, 2017

Owganystanyň resmileri Kabulyň merkezinde bolan partlamanyň banka zarba urandygyny we azyndan bäş adamyň ölümine hem sekiz adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny habar berdiler.

Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Najib Daniş partlamanyň 29-njy awgustda Kabul Bankyň bölüminiň girelgesinde ýüze çykandygyny aýtdy. Bank ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasyndan 500 metr uzaklykda ýerleşýär.

Partlama howpsuzlyk güýçleriniň ençeme işgäriniň Remezan baýramçylygynyň öňüsyrasynda öz aýlyklaryny almak üçin banka jemlenen wagtynda boldy diýlip, ministrligiň ady agzalmadyk resmisiniň aýdandygy habar berilýär.

Saglyk ministrliginiň metbugat-wekili Waheed Majroh azyndan bir adamyň wepat bolandygyny we sekiz adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Kabulyň polisiýasynyň müdiri Basir Mujahid janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan bäş adamyň wepat bolandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça täze strategiýasynyň mälim edilmeginiň yzýanyna gabat gelen partlamanyň jogapkärçiligini "Talyban" topary öz üstüne aldy.

25-nji awgustda Kabulyň şaýy metjidine edilen hüjüm zerarly 28 adam wepat boldy we 50-den gowrak adam ýaralandy. Onuň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist topar öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG