Türkmenistanda köçe-ýol hereketindäki düzgün bozmalar üçin salynýan jerimeleriň birden kesgin ýokarlandyrylmagyny eýýämden ‘ilat üçin agyr netijelerini’ berýär, adamlaryň içki nägileligi gün-günden ýokarlanýar diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin salynýan jerimeleriň mukdarynyň dekabryň başynda 50%-den 300%-e çenli ýokarlanmagy resmi taýdan adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy bilen düşündirilse, köp adam bu çäräni energiýa serişdelerini eksport edýän döwletiň gaznasyny ‘garyp düşen halkyň hasabyna doldurmak synanyşygy’ hökmünde häsiýetlendirdi.
“Jerimeler eýýämden ilata agyr täsirini ýetirýär. Säginmegi gadagan edýän znaklary öň ýok, asla bolmadyk ýerlerinde hem goýýarlar. Döwlet edaralarynyň öňünde, banklaryň golaýlarynda, hassahanalaryň öňlerinde säginmek ýa-da saklanmak, az salym durmak düýbünden gadagan edildi” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ulag eýesi gadaganlyk nyşanynyň goýlan ýerleriniň golaýynda säginip, adam düşürse ýa-da awtoulagyny ýol gyrasynda 5-10 minut goýup, golaýdaky döwlet edaralarynyň birine girip-çyksa, Ýol gözegçilik gullugy edarasynyň işgärleri onuň ulagyny derrew surata düşürýärler.
Jerime töleýänleriň sany 'birden has köpeldi'
“Düzgüni bozan adam 1-2 günden degişli polisiýa bölümine çagyrylýar we oňa säginmesi gadagan edilen ýerde säginendigini ýa-da awtoulagyny goýandygyny aýdýarlar, subutnama suratyny görkezýärler” diýip, çeşme soňky günlerde jerime töleýän adamlaryň sanynyň ‘birden gaty köpelendigini’ hem sözüne goşdy.
Türkmenistanda ýol, köçe hadysalary, şol sanda sürüjileriň ýol berýän düzgün bozmalary barada, hatda adam heläkçiligine alyp gelende hem, metbugatda habar berilmeýär we, maglumat ýapyklygy sebäpli, çeşmeleriň jerime töleýän adamlaryň sanynyň kesgin köpelendigi barada aýdýanlaryny resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýar.
Azatlygyň habarçysynyň aýry-aýrylykda gürleşen sürüjileri, jerimeleriň möçberi ýokarlandyrylaly bäri, ýol gözegçilik polisiýasynyň işiniň has güýçlendirilendigini tassyk etdiler. Pikirini aýdan sürüjileriň biri polisiýa işgärleriniň indi, göwnüne bolmasa, öňkülerine garanda ‘has batyr’ ýa-da ‘has işdämen’ görünýändigini belledi.
“...halkdan gan algylary bar ýaly, ilki säginmek gadagan belgilerini köpeltdiler. Adamlaryň howpsuzlygy üçin edilýän bolsa, ilki ýörite awtoulaglara niýetlenen duralga meýdançasyny giňeltmeli ýa-da täzelerini açmaly. Häkimler el ýaly ýer tapsalar satdylar. Häzir awtoulag duralgalary ýiti ýetmezçilik edýär. Adamlar hassahanalara, dermanhanalara barjak bolsa, ulag goýmaga ýer tapman, aýlanyp ýörler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy nirede awtoulag köpräk jemlenýän bolsa, şol ýerde hem gadagan belgileriniň goýulýandygyny, munuň çykalga ýa-da çözgüt däldigini aýdyp käýindi.
Jerimeler 'merkez we sebit şertleriniň' uly tapawudyna ünsi çekdi
Jerimeleriň köpeldilmegi ýurduň merkezindäki ýollara harçlanýan döwlet serişdeleri bilen sebitlerdäki ýollara, köprülere harçlanýan serişdeleriň arasyndaky uly tapawuda hem ünsi çekdi.
“Jerimeleri ýokarlandyryp, halka zulum edýänçäler, welaýatlaryň ýollaryny oňarsalar ýerlikli bolardy. Welaýatlaryň, etraplaryň köçelerine köçe diýmäge diliň baranok, gaty ýaramaz. Eger-de welaýat ýaşaýjylaryny ala tutup, 2-nji sort hasaplaýan bolsalar, onda paýtagt Aşgabada bir nyrh, welaýatlara bolsa başga bir nyrh kesgitleseler ýerlikli bolardy” diýip, sebitleriň birinde ýaşaýan sürüji aýtdy.
Onuň sözlerine görä, adamlar häzir düzgün bozanlara salynýan jerimeler bilen döwlet işinde işleýänlere berilýän aýlyklary deňeşdirýärler.
Türkiýede işleýän bir zähmet migrantynyň bellemegine görä, hökümet bu ýyl aýlyklary we beýleki tölegleri ýyl başyndan 10% ýokarlandyrmagy bes edip tygşytlan puluny az görüp, jerimeleri 300%-e çenli ýokarlandyryp, ‘ýerden aýagyny gaty üzdi’.
10% köpelmedik aýlyklardan 300%-e çenli jerime tölemeli
“Hökümet başyndakylar ýa halkyň hakyky ýagdaýyny düýpden bilenok, ýa-da döwlet gaznasy gaty agyr ýagdaýda bolmaly” diýip, Stambulda ýaşaýan migrant aýtdy.
Býujet edaralarynda işleýän we işe her gün öz ulagynda gatnaýan işgärleriň bir aýlyk haklary, habarçy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjynyň hasabyna görä, 4-5 gezek jerime tölese gutarýar.
“Ilki halkyň aýlyklaryny ýokarlandyrmaly. Häzir türkmen halky eýesiz it ýaly boldy. Hatda gijelerine, garaňky ýerlerde ýol polisiýasynyň işgärlerine köplük bolup topulýan, olara sögýän oglanlar barada hem eşidýäris. Hökümet halka zulum edip, halky öz içinde bir-birege duşman etdi” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň habarçylary jerimeleriň ýokarlanmagynyň bada-bat taksi, hususy ulag nyrhlarynyň ýokarlanmagyna getirendigini habar berdiler. Häzir, soňky gowşan habara görä, ýolda durup, ulaglaryň tizligini ölçeýän radarçylaryň para nyrhy ýokarlandy.
“Öňler awtoulagyňy uly tizlikde dolandyryp saklansaň, 20 manat para berip, jerime ýazdyrman gutulyp bolýardy. Indi göni 50 manat soraýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Ýerli synçylaryň käbiri bu jerimeleriň döwlet gaznasynyň doldurylmagyna däl-de, para alýan gullukçylaryň jübüsiniň galňamagyna kömek etjekdigini aýtsa, beýlekileri öňem zordan güzeran aýlaýan raýatlaryň indi awtoulag ulanmasyny azaltmaly boljakdygyny aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum