Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Täze awtobuslarda ýolagçylar üçin aýratyn amatlyklar göze ilmeýär”


Aşgabatdaky jemgyýetçilik awtobuslarynyň biri. Arhiwden alnan surat
Aşgabatdaky jemgyýetçilik awtobuslarynyň biri. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň köçelerinde soňky iki-üç hepdäniň dowamynda täze awtobuslar, täze taksiler ýolagçylara hyzmat edip başlasa-da, olarda sowadyjylaryň işlemeýändigini aýdýarlar.

Aşgabatly ýaşaýjy, 58 ýaşly pensioner ene Gözel daýzanyň sözüne görä, şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-sinde Aşgabatda başlanjak 5-nji Aziýa oýunlary mynasybetli, myhmanlara hyzmat etmek üçin Günorta Koreýadan satyn alnan 200-den gowurak ‘Hundaý’ kysymly täze awtobuslaryň birnäçesi ulanyşa goýberilipdir.

Olardan näçesiniň liniýa çykarylandygy barada takyk maglumat berilmese-de, olary 29-lyk, 38-lik, 57-lik liniýalarynda kän görse bolýar.

Emma Aşgabadyň ýolagçy awtotransport kärhanasynyň bazasynda olaryň ýene-de ýüzlerçesiniň üsti örtgüli durandygyny hem Gözel daýza sözüne goşýar.

Ozal ýaýran maglumatlara görä, Aziýa oýunlary mahalynda geljek myhmanlara hyzmat etmeli täze awtobuslaryň sowadyjysy bar diýilse-de, häzirki liniýa çykarylan awtobuslarda sowadyjylaryň ýokdugny ýolagçylar aýdýarlar.

“Täze awtobuslar daşyndan göräýmäge üýtgeşigräk ýaly bolsa-da, olarda ýolagçylar üçin aýratyn amatlyklar göze ilmeýär. Ozalky adaty awtobuslarda bolşy ýaly, yssy günlerde penjireleri açyk goýup, ýüzüňi ýalyna tutup oturmaly” diýip, Gözel daýza aýdýar.

Täze awtobuslaryň oturgyçlary hem ozalkylara garanda amatsyz. Ozalky awtobuslarda oturgyçlar bir hatar goýulyp, adamlaryň dik durmagy, münüp-düşenlerinde hereket etmekleri üçin, aralyklarda boş ýer köpräk bolup, olar amatlydy.

Häzirki täze awtobuslarda bolsa, oturgyçlaryň iki adama niýetlenip, ýolagçylaryň yzky orunlara geçmegine kynçylyk döredýändigine ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

Täze awtobuslaryň ulanylşa goýberilmegi bilen hem aşgabatlylaryň awtobus gatnawlaryndan kösençlikleriniň azalmaýandygy aýdýarlar.

“29-lyk, 38-lik, 57-lik ýaly birnäçe belgili awtobuslar liniýalarda gereginden artyk hereket edýän bolsa, 13-lik, 32-lik 22-lik 17-lik 11-lik ýaly belgili awtobuslar liniýalarda ozalkysyndan hem seýrekledi” diýip, ýolagçylar nägile bolýarlar.

Şol wagtda-da, Aşgabatda bar bolan ýeke-täk ‘Hundaý’ merkeziniň gapysynda bejergä garaşyp duran awtobuslaryň köpdügini ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG