Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystanynda 2 million musulman haj zyýaratyna başlaýar


Mekge şäheriniň esasy metjidi
Mekge şäheriniň esasy metjidi

30-njy awgustda Saud Arabystanynda dünýäniň dürli künjeginden gelen 2 million çemesi musulman ýyllyk haj zyýaratyna başlaýar.

Tikinsiz matany oranan ýa-da geýen haj zyýaratçylary bäş günüň dowamynda ybadatlaryň ençemesini ýerine ýetirerler. Olaryň arasynda Mekge şäherindäki esasy metjitde ýerleşýän Käbäniň daşyndan sagat ugruna tarap ýedi gezek ýöräp geçmek hem bar.

Haj zyýaraty yslamyň bäş parzynyň biri bolup, mümkinçiligi bolan her bir musulman ömründe bir gezek bu zyýaraty ýerine ýetirmelidir.

Eýran 2015-nji ýylda 2 müňden gowrak adamyň ölümine sebäp bolan wakany boýkot edensoň, şu ýyl 90 müň çemesi eýranlynyň haj zyýaratyna barmagyna garaşylýar.

Şeýle-de, bu ýylky haj zyýaraty Katar bilen arap ýurtlarynyň, şol sanda Saud Arabystanynyň arasynda diplomatik krizisiň dowam edýän mahalyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG