Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Roberts: Nebit çalşygy Aşgabat-Tähran gatnaşyklarynyň gowulaşýandygyny görkezýär


Jebel, nebitçiler şähäri
Jebel, nebitçiler şähäri

Türkmenistandan Pars aýlagynyň üstünden çalyşmak üçin ýüklenen ilkinji nebit ýüki demirgazyk Eýranyň Neka portundan Sari-Reý geçirijisi arkaly Tähranyň nebit işläp bejerýän zawodyna akdyrylýar diýip, “Mehr” habar gullugy Eýranyň Nebit geçiriji we aragatnaşyk kompaniýasynyň geçiriji menejerine salgylanyp habar berdi.

Şu aralykda Bütindünýä nebit-gaz žurnalynda Eýranyň Türkmenistana alternatiwasynyň ýokdugyny, ýagny Tähranyň bu sebitdäki gaz ýataklaryny özleşdirendigine garamazdan, ýurduň demirgazyk bölegi üçin türkmen gazyna mätäç bolmagynda galýandygyny delillendirýän makala çap edildi.

Bu iki habar Türkmenistanyň ozal rus, soň eýran gaz alyjylaryny ýitirip, nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy sebäpli çeken zyýanynyň üstesine, diňe hytaýly alyjylary bilen galan we Aziýa oýunlarynyň agyr çykdajylary bilen ýüzbe-ýüz bolan wagtyna gabat geldi.

Eýran neşiri Türkmenistanyň çig nebit çalyşmak arkaly düýpli girdeji alyp biljegini belleýär we häzir Eýrana baran nebit ýüki Türkmenistandan ýedi ýyl içinde gelen llkinji ýük bolup durýar.

“Neka nebit terminalynda ýüküni düşüren dokuz tankeriň getiren nebitiniň 360 müň barreli geçiriji arkaly Tährana ugradyldy” diýip, “Mehr”habar gullugy sişenbe güni Parwiz Mamariana salgylanyp habar berdi.

Mamarianyň sözlerine görä, 48 müň barrel möçberinde çig nebit getirýän gämiler ýüklerini Nekadaky terminalyň ammarlarynda düşürýärler we düşürilen nebitiň möçberi 360 müň barrele ýeten badyna, çig nebit bada-bat ýa Tährandaky, ýa-da Töwrizdäki nebit işläp bejerýän zawoda akdyrylýar.

Azatlyk radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, Eýran ýedi ýyl arakesmeden soň, şu aýyň başynda Eýran bilen nebit çalyşmak işini dikeltdi. Birleşen Arap Emirlikleriniň düýbi Dubaýda ýerleşýän nebit-gaz kompaniýasy “Dragon Oil” türkmen nebiti ýüklenen gämini 3-nji awgustda Eýranyň demirgazyk porty Neka ugratdy. Bu Eýranyň türkmen nebitini 2010-njy ýyldan bäri Pars aýlagynyň üstünden ilkinji gezek çalyşjak bolşudyr.

Azatlyk radiosy bu habarlardan soň tanymal nebit-gaz eksperti, Şotlandiýanyň Methinks Ltd. Kompaniýasynyň energiýa howpsuzlygy boýunça hünärmeni Jon Roberts bilen habarlaşdy. Ol türkmen nebitiniň eksportynyň çalyşmak arkaly dikeldilmegini iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulaşmagy nukdaý nazaryndan wajypdygyny belledi.

Bu ýerde esasy mesele, eger olar şunuň ýaly ylalaşyk gazanyp bilýän bolsalar, bu Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky ähli gatnaşyklaryň ilerleýändigini görkezýär we bu örän möhüm habar. Eger bu gatnaşyklar nebitde gowulaşýan bolsa, bu gazda hem gatnaşyklaryň gowulaşmagyna garaşyp boljagyny aňladýar” diýip, Roberts Azatlyk radiosyna aýtdy.

“Mehr’ habar agentliginiň maglumatyna görä, Eýran Türkmenistan bilen günde 400-500 müň barrel çig nebit çalyşmaga taýýar we ol nebiti Mazenderan welaýatyndaky demirgazyk şäher Saribilen günorta Tähranyň Reý şäherini birikdirýän geçiriji arkaly nebit zawodlaryna ibermek mümkin.

Eýsem Türkmenistanda beýle möçberde nebit barmy?

Jon Roberts bu soraga “ýok, Türkmenistanda beýle möçberde nebit ýok” diýip, jogap berdi. Ýöne ol özüniň eýranlylar nebiti Türkmenistandan däl-de, esasan Gazagystandan almaga çalyşýar diýip pikir edýändigini aýtdy.

Ekspertiň pikiriçe, bu ýerde esasy möhüm zat eýranlylaryň türkmen nebitini almagy bilen bagly, sebäbi bu fakt iki ýurduň arasynda ýyl başynda birden gaz eksportynyň kesilmegi zerarly ýaramazlaşan gatnaşyklaryň bolmanda nebit meselesinde gowulanýandygyny tassyklaýar.

Ol ýerde şindi çözülmeli uly meseleler bar, ol ýerde şindem Eýranyň Türkmenistana 10 ýyl mundan alan gazy üçin näçe bergisiniň bardygy sorag astynda. Türkmenler muny 1,8 milliard dollar diýýär, eýranlylar bergileriniň mundan has azdygyny aýdýarlar. Bu ýerde uly meseleler çözülmeli, emma indi Eýranyň üstünden nebit iberilýär we bu iki ýurduň gatnaşyklary meselesinde hakykatdanam oňyn ösüş” - diýip, Jon Roberts Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

XS
SM
MD
LG