Sepleriň elýeterliligi

Aziýa oýunlary döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we studentler rugsada çykýarlar


Mekdep okuwcylary

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykýarlar.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky buýruga 31-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe – 2017-nji ýylyň 18-28-nji sentýabry aralygynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylaryny, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň talyplaryny okuw meýilnamasyndan daşary rugsada goýbermek bellenildi.

Mundanam başga, Berdimuhamedow “okaýan ähli türgenleri V Aziýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmekleri üçin” diýip, bir aýlap okuwdan boşatmagy tabşyrdy we ýaşlaryň V Aziýa oýunlaryna sportuň her bir görnüşi boýunça janköýerler ýa-da muşdaklar bolup hem gatnaşyp biljekdigini aýtdy”.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň mart aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligindäki çeşmesi we käbir mugallymlar Aşgabatda 2017-2018-nji okuw ýylynyň üýtgediljekdigi, ýagny bu okuw ýylyny 1-nji sentýabrdan däl-de, 1-nji iýuldan başlanjakdygy barada türkmen häkimiýetleriniň arasynda gepleşikleriň geçirilýändigi barada habar beripdiler.

Şonda Azatlygyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran söhbetdeşi göz öňünde tutulan bu üýtgetmäniň Aziýa oýunlary bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, täze okuw ýylynyň birinji çärýeginiň awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlanjakdygy, şondan soň okuwçylaryň sentýabr aýyndan tä oktýabr aýynyň başyna çenli dynç alşa goýberiljekdigi barada gürrüň edilýändigini, emma bu barada anyk netijä gelinmändigini belläpdi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, mugallymlaryň we ene-atalaryň aglabasy okuwlaryň 10 günläp ýatyrylmagynyň çagalaryň we studentleriň geljekde okuw programmasyny öwrenmeginde kynçylyk döretjekdigini boýun alsalar-da, şäherde dörän transport bökdençlikleri sebäpli bu pikiri goldaýarlar.

“Indi ençeme gün bäri, ylaýtada 30-njy awgustdan bäri Aşgabat şäherinde transport gatnawy juda çäklendirildi. Bu çäklendirmede mekdep mugallymlarynyň-da, okuwçylarynyň-da ýa-da orta hünär mekdepleriniň-de, okuwçy mugallymlarynyň-da okuw jaýlaryna öz wagtynda gelip-gitmegine juda uly kösençlik döredýär. Şonuň üçin bu ýagdaýyň Aziýa oýunlary geçýänçä dowam etmegi, umuman, erbet zat däl diýip, muny ata-enelerem, mugallymlaram tassyklaýarlar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Ýöne ol Aşgabatda studentleriň we okuwçylaryň mundan öňem syýasy köpçülikleýin çärelere yzygiderli çekilýändigini aýdyp, okuw jaýlarynda we mekdeplerde okuwlaryň 10 günläp ýatyrylmagynyň okuw programmasyna o diýen täsir etmejegini aýdýan ene-atalaryň we mugallymlaryň hem bardygyny belleýär.

“Bu öňki-öňkülik bolar, geçen ýyllarda-da syýasy çärelere gidýärdik. Geçilmedik okuw programmasyny özüňiz okaň, özüňiz öwreniň diýip, okuwçylara tabşyrýardyk ýa-da bir sapagyň dowamynda dört-bäş sapakda geçilmeli temany gysgaça okuwçylara düşündirýärdik diýip, mekdep mugallymlaram, orta hünär mekdepleriniň mugallymlaram gürrüň berýärler. Şu pikiri ýokary klas okuwçylarynyň we orta hünär mekdepleriniň okuwçy, talyp ýaşlarynyň käbiride tassyk edýär” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Şu ýyl Türkmenistanda Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklar sebäpli ýokary okuw jaýynyň studentleriniň ençemesiniň tomusky dynç alyşlarynda öýlerine goýberilmändigi habar berlipdi. Käbir mugallymlaryň bolsa, 45 gün däl-de, 30 gün tomusky zähmet dynç alyşlaryna goýberilendigi aýdylypdy.

Galyberse-de, şu günler döwlet edaralarynda we ýokary okuw jaýlarynda Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlaryna baryp, olara yzygiderli tomaşa etjek janköýerleri saýlap-seçmek çäreleriniň geçirilýändigi habar berilýär. Işgärleriň we studentleriň käbiri saýlanan adamlaryň sport eşiklerini öz hasabyna almalydygyny, munuň üçin olaryň her biriniň 500-800 manat aralygynda pul çykdajysyny etmelidigini aýdýar.

Şu ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýurtda häzire çenli guramalaşdyrylan iň ýokary derejeli sport ýaryşydygy we oňa dünýäniň 62 ýurdundan sportsmenleriň we ýokary derejeli hökümet resmileriniň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG