Sepleriň elýeterliligi

Aziada-2017: Türkmen häkimiýetleri janköýerleri saýlaýar


Aşgabatdaky stadionlaryň birinde köpçülikleýin çärelere gatnaşýan döwlet işgärleri we studentler

Türkmenistanyň döwlet edaralarynda Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlaryna baryp, olara yzygiderli tomaşa etjek janköýerleri saýlap-seçmek çäreleri geçirilýär diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşiriň 28-nji awgustda beren maglumatyna görä, saýlanan adamlaryň pasportlary talap edilýär we pasportdaky maglumatlara laýyklykda, adamyň şahsyýetini tanatmaga niýetlenen döşüňe dakylýan ýörite belgi taýýarlanylýar.

“Emma “kastingden” ýa-da saýlap-seçmek çäresinden diňe pasportyňy tabşyryp geçip bolmaýar. Munuň bilen birlikde, adamlar özleriniň üç arkasy baradaky maglumatlary hem tabşyrmaly bolýarlar. Öz maşgalasynda “ynamsyz adamlar” bolan raýatlar dessine bu sanawdan çykarylýar” diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp ýazýar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, ýurduň käbir ministrlikleriniň Aziýa oýunlaryna janköýer diýlip saýlanan adamlaryň ilki üç arkasy baradaky maglumatlaryny barlaýandygyny, soňra döşüňe dakylýan ýörite belgileriň taýýarlanýandygyny aýdýarlar.

“Bularyň ählisi [Aziýa oýunlarynyň] açylyş dabarasyna janköýerleri saýlap-seçmek çäresine girişilenden soň başlandy. Saýlap-seçmek çäresine adaty raýatlaryň açylyş dabarasyna biletleri satyn almaýandygy sebäpli girişildi. Köp adam transport çäklendirmeleri sebäpli sport ýaryşlaryna barmak islemeýär. Sebäbi pyýada gitmek üçin, stadion gaty uzakda ýerleşýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Mundanam başga, ol Aşgabat şäheriniň etraplara bölünendigine ünsi çekip, bu etraplaryň her birine degişli döwlet işgärleriniň ýörite kesgitlenen reňkdäki köýnekleri geýmelidigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Her bir etrabyň öz reňki bar. Şeýle-de, aýal-gyzlaryň ählisine ätiýaç üçin şol bir reňkde ýene bir köýnegiň bolmalydygy duýduryldy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ýene bir çeşmesi döwlet işgärleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň ençemesine salgylanyp, Aziýa oýunlarynyň dürli sport ýaryşlaryna janköýerlik etmeli diýlip kesgitlenen adamlaryň sport eşiklerini öz hasabyna almalydygyny, munuň üçin olaryň her biriniň 500-800 manat aralygynda pul çykdajysyny etmelidigini aýdýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirilýän çärelere raýatlaryň saýlanyp-seçilmegi, saýlanan adamlaryň üç arkasy baradaky maglumatlary ýygnamak çäresi öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründen başlanyp, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe hem belli derejede dowam etdirilýär.

Şu ýylyň mart aýynda prezidentiň Lebap welaýatyna etjek saparynyň öňýanynda, Berdimuhamedowy garşy almak çäresine gatnaşjak mekdep okuwçylarynyň ençemesinden, üç arkasy baradaky resminamanyň talap edilendigi aýdylypdy.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary käbir ýyllarda 1-nji klasa kabul edilýän çagalardan hem beýleki resminamalar bilen bir hatarda, üç arka baradaky anketini tabşyrmagyň talap edilýändigini habar beripdiler.

Türkmenistanda raýatlardan öz maşgala agzalary barada jikme-jik maglumat soralmagy bilen bagly dürli garaýyşlar bolup, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir raýatlar bu düzgüniň raýatlary döwlet tarapyndan kontrollyk astyna almak maksady bilen girizilendigini aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda, Aşgabadyň şäher we etrap häkimliklerinden haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Bu barada Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde hem ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG