Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Öý eýeleri jaýlaryndan zor bilen çykarylýar”


Berlen kompensasiýa bilen razy bolmadyk raýatlaryň arza-şikaýat etmek mümkinçilikleri çäklendirildi diýip, hasabatda bellenilýär.
Berlen kompensasiýa bilen razy bolmadyk raýatlaryň arza-şikaýat etmek mümkinçilikleri çäklendirildi diýip, hasabatda bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçjek oýunlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde, paýtagtyň ýaşaýjylaryny öýlerinden zor bilen çykaryp, olara degişli kompensasiýa bermezden jaýlaryny hem ýer-ýegsan etdiler, diýip “Human Rights Watch” guramasynyň we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasynyň” bilelikdäki hasabatynda aýdylýar.

Duşenbe güni ýaýradylan hasabatda türkmen hökümetiniň 17-27-nji sentýabr aralygynda geçjek oýunlar bilen baglylykda, Aşgabadyň durkuny bir sydyrgyn keşbe getirmek üçin, ýaşaýjylaryň goşmaça otaglaryny, ýagny ilat arasynda aýdylyşy ýaly “pristroýkalaryny” hem ýumrup, ilatyň bu hereketlere kazyýetde arz etmek mümkinçiliklerini-de çäklendirendigine üns çekilýär.

Türkmenistan awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda geçirilýän bu oýunlaryň üsti bilen, özüni regional sport merkezi hökmünde görkezmegi meýil edinýär.

Daşky dünýäden özüni ýapyk saklaýan Türkmenistan bu oýunlara on müňlerçe daşary ýurtlynyň gelmegine garaşýar.

Oýunlaryň öň ýanynda resmiler paýtagtda alkogol içgileriň söwdasyny gadagan etdiler, ýurduň beýleki sebitlerinden gelenleriň hereketini çäklendirdiler, ozalky tussaglara oýunlaryň geçýän ýerinden daşda durmagy tabşyrdylar we şäheri öýsüz haýwanlardan arassalamaga synanyşdylar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurduň kanunçylygynda jaýlary ýykylan öý eýelerine ozalky emlägine barabar derejede täze ýaşaýyş ýeri ýa-da pul bilen üpjün etmek göz öňünde tutulan bolsa-da, bu aglaba ýagdaýlarda berjaý edilmändir.

Türkmen häkimiýetleri köp halatlarda 10-15 adamdan ybarat hojalyklara ozalky ýykylan jaýynyň öwezine diňe 2 ýa 3 otagly kwartira berdiler. Kä halatlarda bolsa, öý eýelerini göçere täze jaý taýýar bolmazdan öň, ýaşap oturan ýerinden çykardylar. Bu ýagdaýlarda adamlar öz hasaplaryna ençeme aýlap kireýine ýaşamaly bolýardylar.

Käbir ýagdaýlarda häkimiýetler öýlerinden çykarylan adamlary, aradaky nyrh tapawudyny töläp, “has ýokary amatlykly” jaýlary almaga mejbur etdiler.

Berlen kompensasiýa bilen razy bolmadyk raýatlaryň arza-şikaýat etmek mümkinçilikleri çäklendirildi, kä halatlarda bolsa olar resmiler tarapyndan gorkuzyldy diýip, hasabatda bellenilýär.

Aşgabadyň "Gaža" sebiti. Ozal
Aşgabadyň "Gaža" sebiti. Ozal

Aşgabadyň "Gaža" sebiti. Soňra
Aşgabadyň "Gaža" sebiti. Soňra

Türkmen hökümeti jaýlaryndan zor bilen çykarylan öý eýelerini ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmeli, şeýle-de ýitirilen elmäginiň öwezine adalatly we ýeterli kompansasiýa berilmeli diýip, “Human Rights Watch” guramasy we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” öz hasabatynda nygtaýarlar.

Geçen aý, adam hukuklaryna gözegçilik edýän ýokarda agzalan iki topar Aziýanyň Olimpik Geňeşine ýüzlenip, Türkmenistana onuň adam hukuklary babatyndaky borçlaryny ýatlatmaga çagyrypdy.

Adam hukuklaryny goraýan iki guramanyň bilelikde ýazan hatynda, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Soltan Açylowa hüjüm edilmegi we fiziki öç almak haýbatynyň atylmagy barada öz pikirini aýtmagyna, Aşgabada Olimpiýa hartiýasynyň metbugat azatlygyny hormatlamagy talap edýändigini ýatlatmaga çagyrylýar.

"Şor" daçalygy. Ozal
"Şor" daçalygy. Ozal

"Şor" daçalygy. Soňra
"Şor" daçalygy. Soňra

“Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanda garaşsyz sesleriň bogulmagyna we basylyp ýatyrylmagyna reaksiýa bildirmegi, adalatsyzlyk bilen azatlykdan mahrum edilen žurnalistleri azat etmäge çagyrmagy we hökümetden metbugatyň doly azatlygynyň berjaý ediljegi barada kepillik almagy zerur” diýip, ýollanan hatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG