Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 5-6-njy sentýabrda Gyrgyzystana etjek sapary, özbek döwlet baştutanynyň soňky 17 ýylda goňşy ýurda edýän ilkinji resmi wiziti bolar.
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň metbugat-wekiliniň 4-nji sentýabrda Bişkekde žurnalistlere aýtmagyna görä, Mirziýoýewiň Atambaýew we beýleki ýokary wezipeli ýolbaşçylar, şol sanda premýer-ministr hem parlamentiň ýolbaşçysy bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Taraplaryň ençeme dokumente, şol sanda ýurtlaryň uzyn we çylşyrymly umumy serhediniň 80%-den gowragynyň kesgitlenmegine degişli şertnama gol çekmegine garaşylýar diýip, Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat-wekili Aizada Subakojoýewa aýtdy.
Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň 1400 kilometrlik serhediniň 230 kilometri dawaly bolmagyna galýar.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň öňki prezidenti Ylam Kerimowyň aradan çykmagynyň yzýany Mirziýoýewiň häkimiýet başyna geçmeginden soň gowulanyp başlanypdy.