Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalyň, Balkanyň obalaryny sil aldy


Ahalyň we Balkanyň obalaryny sil aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:38 0:00

Ahalyň we Balkanyň obalaryny sil aldy

Geçen aýyň ortalarynda Ahal welaýatynyň Baharly we Balkanyň Magtymguly, Serdar etraplarynyň käbir obalaryny güýçli sil aldy.

10-njy awgustda ýüze çykan hadysa baradaky ilkinji maglumatlar Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna wakadan bir-iki gün soň gowuşsa-da, bu ýagdaýlary diňe häzir doly tassyklatmak başartdy.

Böwsüp gelen lagymly suwuň netijesinde, has köp Baharly etrabynyň Nohur, Garawul, Döwgala, Akdepe, Hankäriz obalarynyň; Magtymguly etrabynyň Könekesir, Kürüjdeý, Aýydere obalarynyň; şeýle-de Serdar etrabynyň Hojagala, Çukur, Jejirs we Jenneşen (Jeňňelli) obalarynyň uly zyýan çekendigi aýdylýar.

Gürrüňi gidýän obalarda böwsüp gelen akymyň netijesinde, müňlerçe dowaryň harap bolandygy, elektrik we gaz liniýalarynyň hem sandan çykandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna Döwgala obasyndaky gelen silden düşürilendigi aýdylýan wideo hem gelip gowuşdy. Ýazgyda siliň Aşgabadyň 70 km. demirgazygynda ýerleşýän bu obanyň köçelerinden akyp, mallary, hatda traktoryň üsti ýükli tirkewini hem agdaryp, äkidip barýan pursatlaryny synlasa bolýar.

Käbir maglumatlarda bolsa, tebigy hadysada adam pidalarynyň hem bolandygy aýdylýar. Emma muny beýleki garaşsyz çeşmelere ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartmady.

Galyberse-de, ýetip gelýän siliň howpy barada, aglaba çagalaryň dynç alyş merkezleri ýerleşýän, Arçabil etrabynyň käbir edaralaryna duýdurylypdyr. Emma joşup gelýän suwuň ugrundaky beýleki ýaşaýyş nokatlarynyň ýaşaýjylaryna öňünden hiç zat aýdylmandyr.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan oba ýaşaýjylarynyň gürrüň bermegine görä, silden soň, harasadyň bolan ýerine harby gullugy geçýän esgerler we ýerli edaralaryň işgärleri ýollanypdyr.

Bu aralykda, türkmen resmileri bolan hadysa barada kelam agyz söz aýtmadylar. Türkmen mediasynda hem tebigy harasat, onuň netijeleri barada hiç hili maglumat berilmedi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri 2012-nji ýylyň 7-nji iýulynda Abadanyň alkymynda, Güneş obasynyň golaýynda ýerleşýän ýarag ammarynda bolan partlama, ondaky adam pidalary barada hem nähilidir bir maglumat bermekden saklanypdyr.

Emma partlama bilen baglylykdaky maglumatlar we wideo ýazgylar internetde peýda bolup başlandan soňra, türkmen resmileri zyýan çeken adamlaryň dadyna ýetişjekdigini, şäherde abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG