Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziada desgalarynyň ýanyndaky köçe süpürijileri toý lybasynda işlemeli etdiler


Köçe süpürijiler
Köçe süpürijiler

Türkmen paýtagtynda köçeleri süpürmek, seýilgähleriň arassaçylygyny üpjün etmek we baglara seretmek bilen meşgullanýan aýal-gyzlar, Aziýa oýunlarynyň ýakynlaşmagy bilen, işeýaşyl köýnekli çykmaly edildi.

Şeýle-de indi olar, öňküleri ýaly, ýüzlerini günden we tot-tozandan goramak üçin, ak ýaglyk bilen örtüp bilmeýär.

Köçe süpürýän aýallaryň biriniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, olara bu köýnekleri, ölçeglerini alyp, jemagat hojalygy gullugynyň gürleşen tikinçilik firmasynda, bahasyny sentýabr aýynyň aýlygyndan tutmak şerti bilen tikip beripdirler.

Gelin-gyzlaryň käbiriniň, pul tygşytlamak maksady bilen, diýilýän ýaşyl matany bazardan satyn alyp, köýnegi özleriniň tikinmek barada eden haýyşy ‘bolanok’ diýen bir sözde ret edilipdir.

Bu paýtagtda, hususan-da 5-nji Aziýa oýunlarynyň geçiriljek sport desgalarynyň golaýynda işleýän köçe süpürijileriň we bagbanlaryň iş şertlerine Aziada bilen bagly girizlen ilkinji täzelik däl. Mundan iki aý çemesi öň olaryň işe çykýan wagty ir sagat 7-den daňdan sagat 3-4-e geçirildi diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Aýdylmagyna görä, bu aýal-gyzlardan şäheriň protokol köçeleri diýilýänleri sübse bilen süpürmek talap edilýär.

“Aşgabatda köçeleri tot-tozansyz arassalaýan ýörite maşynlar we tehnikalar ýeterlik hem bolsa, näme üçindir, soňky iki-üç aýyň dowamynda protokol köçeleri, olaryň ýanýollaryny – trotuarlary süpürmek, tämizlemek işi hem şol aýal-gyzlaryň üstüne ýüklendi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny islän aşgabatly synçy Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Ýöne ýerli synçylar soňky iki-üç günde ýüze çykan ýagdaýyň has-da geň görünýändigini, sport desgalarynyň töweregindäki ýollaryň we parklaryň arassaçylygyna esewan edýän aýal-gyzlaryň indi ozalky iş eşiginde däl-de, eýsem toý eşiginde işleýändigini aýdýarlar.

Maglumat üçin aýdylsa, Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlarynyň geçmeli desgalary, Türkmenbaşy şaýolunyň günbatar tarapynda, 1,5, belki-de 2 kilometre golaý uzynlykdaky meýdany tutýar. Ýoluň gündogar tarapynda ýanýollar we köçe bilen aralyga bag, gül ekilen ýerler bar, Nesiminiň ýadygärliginiň ýerleşýän parky, ozalky türk hassahanasynyň ýanyndaky park, Ýunus Emre heýkeliniň töweregindäki baglyk bar.

Täze düzgüne görä, köçe süpürýän işçi durmuşa çykan bolsa, ol uzyn ýaşyl köýnekli we başy gyňaçly bolmaly, durmuşa çykmadyk gyz bolsa, ak gülli ýaşyl ýaglykly bolmaly.

“Ýüzüňi ýapmak gadagan, aýagyňdaky aýakgap hem gelşikli aýakgap bolmaly” diýip, işçileriň biri Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “

Ýene bir göze dürtülýän täzelik bolsa, sport desgalarynyň töwereginde işleýän tämizlik işgärleriniň arasynda çen bilen ýaşy 30-dan ýokary geçen işçiler ýok, ozal olaryň arasynda 40-50 ýaşly aýallar hem işleýärdi diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi aýtdy.

Köçe süpürýän gyzlaryň biriniň gürrüň bermegine görä, ýaşy 30-a çenli bolan işçileri Aşgabat şäheriniň beýleki etraplarynda işleýän ýerlerinden saýlap alyp, sport desgalarynyň ýanyna, ýagny myhmanlaryň köp geljek ýerine seretmäge geçirdiler, ýaşy ulurak işgärleri bolsa olaryň öňki ýerinde işlemeli etdiler.

“Bu ýer biziň öň işlemedik meýdanymyz, öňki işlän ýerimizde işiň ýagdaýyny gowy bilýärdik, işimize ýetişýärdik, emma häzir özümizi ýat ýere myhman düşen ýaly duýýarys” diýip, tämizleýjileriň biri aýtdy.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan tämizleýjileriň ýene biri ýylgyryp, özleriniň toý lybasynda işledilmeginiň sebäbine düşünýändigini, ýolbaşçylaryň Aziada gelen myhmanlarda “Türkmenistan bir baý ýurt, köçede işleýän tämizlik işgärleri hem gowy geýinýär” diýen pikir döretmekden ybaratdygyny aýtdy.

Ýöne olaryň ikisi hem, öňünden ölçeglerini alandyklaryna garamazdan, köýnekleriniň juda dar tikilmeginden nägile bolýarlar.

“Iş eşigi giňräk bolsa gowy, emma bizi edil tans oýnalýan bala barýan ýaly edip goýdular, köýneklerimiz endamymyza syrlaşyp dur, eglip-galmamyz hem kynlaşdy” diýip, bir eli pilli, beýleki eli sübseli gelinleriň biri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Türkmen paýtagtynda köçe süpürmek, parklardaky tämizlik işleri bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň köplenç içerki zähmet migrantlary bolýandygy, olaryň tomsuň yssysyna, gyşyň sowugyna garaman, günortan açyk meýdanda arakesme alýandygy we 5-6 bolup bir otagda kireýine ýaşap, özlerinden tygşytlan pullaryny yzda galan maşgalalaryna ibermäge çalyşýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG