Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň wise-premýeri Sergeý Prihodko Türkmenistanda gepleşik geçirdi


Türkmenistanyň daşary işler ministrligi

Orsýetiň wise-premýeri Sergeý Prihodko gysga iş sapary bilen Türkmenistana bardy.

6-njy sentýabrda Aşgabatda Prihodkonyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilendigiresmi maglumatlarda habar berildi. Bu duşuşyga Orsýetiň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşypdyr.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlara degişli meseleleriň ara alnyp maslahat edilendigi habar berilýär.

Orsýetiň hökümet baştutanynyň orunbasary şol günüň özünde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşdy.

Prihodkonyň Aşgabada sapary Orsýetiň inisiatiwasy bilen iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyklar meselesi boýunça 1-nji sentýabrda geçiren telefon söhbetdeşliginiň yzýanyna gabat geldi. Iýul aýynyň aýagynda Orsýetiň prezidentiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Wladimir Putiniň Türkmenistana saparyna taýýarlyklaryň alnyp barylýandygyny mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG