Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň demirýol ulaglary paýdarlar jemgyýetine öwürler


Türkmenistan, otludaky ýolagçylar
Türkmenistan, otludaky ýolagçylar

Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmäge taýýarlanýar diýip, döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, anna güni geçirilen hökümet mejlisinde ulag we aragatnaşyk boýunça wise-premýer B.Annameredow häzir ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň birnäçesinde guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek boýunça iş geçirilýändigini habar berdi.

Bu işiň çäginde demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň paýly gatnaşmagynda “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär.

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy bilen ýolagçylara edilýän transport hyzmatlarynyň bahalary gymmatladylýar, emma ýolagçylar özlerine edilýän demir ýol hyzmatynyň hiliniň pes bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

Synçylar bu ugurdaky problemalary bazar gatnaşyklaryna geçmegiň yza çekilmegi bilen düşündirýärler.

XS
SM
MD
LG